Bat goşar döwrümiň badyna bedew!

28 Aprel 2021
784

Ahalteke bedewi gadymdan gelýän türkmen taryhyny kemsiz bezäp gelen gymmatlykdyr. Ajaýyp häsiýetleri, gözel durky, edim-gylymy bilen äleme belli bedewlerimiz biziň bagtyýarlyk döwrümiziň hem aýrylmaz bölegidir. Onuň şeýledigine 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik˛bäsleşigi hem-de onuň dowamynda synlan ajaýyp pursatlarymyz hem şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap we milli aýdym-sazlary bilen bezelen türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň başynda biri-birinden owadan gyz gylykly, milli at esbaplaryna kemsiz beslenen türkmen bedewleri ýekän-ýekän märekäniň öňünden geçdiler. Baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň bäş welaýatyndan gelen wekilleriň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen wekiller gezekli-gezegine eziz Arkadagymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlap, öz welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň adyndan iň owadan hem ýyndam bedewleri hormatly Prezidentimize gowşuryp bermegi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan haýyş etdiler.

Serdar MYRADOW,
«ESGER».