«Ömürleriň sowulmajak ýazy ýa! Göýä, göwher gaşy ägirt Aziýaň!»

5 Maý 2021
696

Ynanaýyň, bu şäherde oýa çagyň täsin düýş görüp bolýar. Bu şäherde örki ýerde adamzat ganat baglap uçubam bilýär. Hawa, siziň edil şu wagtky pikir edişiňiz ýaly, bu ýer kitapdan çykyp, ýüreklere ýol salan täsin ertekä meňzeş. Bilýäňizmi näme üçin?! Çünki bu şäher barlygyna bagt düşlän bossan — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi.

Milli Liderimiziň paýhasyndan bina bolan şäheriň ajaýyp desgalarynyň daş-töwereginiň, türkmen kalby ýaly giň şaýollarydyr köçeleriniň bagy-bossanlyga, hoştap ysly owadan güllere beslenmegi, gülgüzarlyga bürenmegi täsin gözellik dünýäsini döretmek bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa gurşawy hem emele getirýär. Bu şäher — bagtyň, gözelligiň şalygy. Başymyza bagt guşy gonup, ýa-da ertekileriň tylla balygy çeňňegimize ilip, «Dilegleriňi dile getir» diýse-de, şundan uly bagty arzuwlap bolmaz. Seretseňizläň, bagra basan müňlerçe jaýlarynda, gör, näçe bagtly ojak bar?! Ak güllerden boglan gujak-gujak çemenler, ylla, ak dürleriň röwşen sapagy, şäheriň başyny sypap, kän eglenýän asman şapagy, garasaý, ähli ajaýyplyklar bar-a bärde! Durkun-düýrmegin tämiz söýgä ýugran yşk abadymyň çüwdürimleri-de bagtyň bolup çüwüp dur...

Polat ŞAKULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy.