"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Oba hojalyk pudagynda möhüm wezipeler

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!Hanymlar we jenaplar!

Awtomobil sporty – geljegi uly sport

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrligi tarapyndan Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň şanly sepgitleri

18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýada resmi saparda boldy. saparyň çäklerinde döwlet baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bilen duşuşdy we gepleşikler geçirildi. Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde neşir edildi

Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly çuň many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri bir ýylyň dowamynda dürli dillerde neşir edildi. Häzirki wagtda hem bu ajaýyp kitap ýapon dilinde neşir edildi. Muňa bagyşlanyp, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ag

Toý-baýramlar – bagtyýarlyk nyşany

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günler, aýratyn-da agşam çagyndan soň paýtagtymyz boýunça, «Garaşsyzlyk», «Bitarap Türkmenistan», «10 ýyl abadançylyk» mahlasy ähli şaýollarynda hereket edýän jemgyýetçilik awtobuslarynda daş-töweregi synlap gitmek, şol şaýollaryň ýanýodalarynda gezelenç etmek ýakymly täsir galdyrýar. Sebäbi hemme ýerdäki, esasan hem ýokarda atlandyrylan şaýollaryň ugrundaky arçalary bezäp öwşün atýan yşyklar kalplara ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň ruhuny bagyş edýär. Ruhuňy göteriji şeýle täsin hem täsirli görnüşleri ýurdumyzyň ähli ýerinde görmek bolýar. Halkymyz Täze ýyly uly umyt-arzuwlar hem-de şatlyk bilen garşylaýar. Täze ýyl baýramçylygy ýylyň ilkinji günlerinde bellenilip, ol ýylyň dowamynda toýlanjak toý-baýramlaryň başydyr. Diýarymyzda ilimiziň agzybirliginde, ýurdumyzyň asudalygynda, durmuşymyzyň abadançylygynda we bagtyýarlygynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralar şatlygymyza şatlyk goşup, ildeşlerimizi agzybirlige, jebislige, has-da eşretli günlere, täze üstünliklere, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen beýik işlerine öz goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar.

Suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary

Hormatly Prezidentimiz suw diplomatiýasyny we ekologiýa abadançylygyny oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça ýurdumyz halkara derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, oba senagat toplumyny, şol sanda suw hojalygyny ösdürmek boýunça giň gerimli we tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýlelikde, suw serişdelerini tygşytly ulanmak meselesi aýratyn orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçiril

Täze ýyl baýramy dünýä ýurtlarynda

Täze ýyl baýramçylygy hemmeler üçin uzak garaşylýan hem-de uly höwes bilen bellenilýän baýramlaryň biri. Bu baýram dünýäniň köp ýurtlarynda şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Täze ýyl baýramy ynsanlaryň kalbyna nur paýlap, olary ýagşy umytlara, ýakymly arzuwlara besleýär. Täze ýyl baýramçylygynyň döreýiş taryhyny bilmek hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde milady senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramçylygynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, onuň belleniliş tertibi, däpleri hem üýtgeýär. Gadymy Rimde Täze ýyl baýramy mart aýynyň 1-ine bellenilip geçilipdir. Soňra Gadymy Rimde miladydan öňki 46-njy ýylda, imperator Ýuliý Sezaryň Täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarmagy bilen, bu baýram şol senede bellenilip başlanypdyr.

Gahryman Arkadagyň sözi

Mirasyň şekili, taryhyň keşbi,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi!Türkmeniň tükenmez kuýaşy-yşky,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi! Ulgam-ulgam Köpetdagyň syry bar,Zehin zümerretli, paýhas-düri bar,Ylym hem pähimi dünýä barabar,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi!

«Hakyda göwheri» — köňül jöwheri

Halkyň hazynasyna öwrülen beýleki däp-dessurlarymyz bilen bir hatarda kitaba sarpa goýmak ýörelgesi döwrebap derejede giňden dabaralanýar. Halkymyzda kitabyň keremi — keramaty täsiri dogrusynda aýdylýan zat juda kän. Çünki kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany — söz baýlygyny özünde jemleýär. Döredijilik äleminde ählimize görelde, ýol görkeziji şamçyrag bolan Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, edebi mirasyndan söz açylýar. Bu eser gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedir.

Müçe hasaby hakynda kelam

Ynha, hemmeleriň höwes bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy hem bosagada. Müçe ýyl hasaby boýunça geljekki 2025-nji ýylymyz ýylan ýyly hasaplanylýar. Gündogar halklarynda müçe ýyl hasaplary häzirki wagtda hem ýöredilip gelinýär. Çarwadarçylyk we ekerançylyk bilen meşgul bolýan halklar müçe ýyllarynyň üsti bilen adamlaryň ýaşyny kesgitläpdirler we müçe hasaplary arkaly uzak ýyllaryň dowamynda howa maglumatlary öňünden çaklanylypdyr.

Ykbala öwrülen hünär (Oçerk)

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ylmy-önümçilik ulgamynda ýetilen sepgitler hem guwandyryjy boldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda tohumçylyk-seçgi işini has-da kämilleşdirmek, oňa häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylan işler oňyn netijesini berdi. Institutyň Ahal welaýat bölüminde şu ýyl gowaçanyň täze orta süýümli «Ahal-6» sorty döredilip, önümçilige ornaşdyryldy. Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, seçgiçi alym Gurban Nowruzowyň yzygiderli alyp baran ylmy-seçgiçilik işiniň netijesinde döredilen bu görnüş hasyllylygy, ýokary süýüm çykymlylygy hem-de zyýanly mör-möjeklere, has takygy, gowaçanyň hasyl synalaryna zyýan ýetirýän meýdan ýasmygyna garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, gowaçanyň täze sortunyň ykdysady taýdan bähbitlilik derejesini ýokarlandyrýar.

Täze ýylyň buşlugy (Hekaýa)

— Täze ýyl baýramy hem ýetip gelýär. Ejem-ä maňa: «Sowgatlaryň iň gowusy seniňki bolar, ýöne ony almak üçin okuwyňdan diňe bäşlik baha almalydyr» diýýär. Ejemiň «Iň gowy sowgat» diýýäni nämekä, bilýäňmi? — diýip, Aýsona doganjygy Gülsona sorag bilen ýüzlendi. Gülsona-da oýnundan ünsüni sowman: — Men näbileýin. Maňa-da şeýle diýdi. Belki, bize aýtman, kakam bilen üýtgeşik sowgat taýýarlaýandyrlar? — diýdi.

Hoş arzuwlar

Täze ýylda hoş arzuwlar aýdylyp,Süýji sözler joşup çyksyn gursakdan.2025 — dur bosagamyzda,Gutlaň, bir-biregi hut şu pursatda. Täze ýyllar — bagtdan serpaýly ýyllar,Döwrümizde dünýäň gözelligi bar.Ösüşlermiz bedew bady deý ýyndam,Ömrümizde bagtyň gönezligi bar.

Sapançynyň diňi

Adamlaryň arasynda «Nädip dursuň sapançynyň diňi ýaly bolup» diýen meňzetme ýurdumyzyň käbir sebitlerinde häzir hem ulanylýar. Sapanyň, sapançynyň nämedigini bilýänem bolsak, sapançynyň diňi barada düşündiriş bermek zerur bolup durýar. Öňki döwürde ýurdumyzyň ähli ýerinde diýen ýaly, azyklyk maksady bilen jöwen köp ekilipdir. Jöwenden zagara, tötek, gyzdyrmaç ýaly çörek önümleri, köje, ýarma, bulamak ýaly naharlar, gowurga, talhan, patrak ýaly azyk önümleri taýýarlanypdyr.

Täsin agaçlar

Nim agajy. Bu täsin bag leýlisaçy ýatladýar. Bagyň miwesinden ýasalýan dermanlar iň gymmatbaha derman hasaplanýar. Gadym döwürlerde hindiler onuň ýapragynyň gan aýlanyşygyna peýdalydygyny nazarda tutup, gözellik üçin ýüzlerine çalýan ekenler. Häli-häzire çenli nim miwesinden ýasalýan dermanlar we ondan alynýan ýaglar deri üçin iň täsirli dermandyr.

Berjaý edilmeli düzgünler

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin çärelerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly berjaý edilmelidir. Şol ýerlerde nobatçylygy geçirjek ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlyk çäreleri we ýangyn dörände çagalarydyr adamlary jaýdan çykarmagyň guramaçylykly halas ediş işleri barada gözükdirme geçirip, degişli howpsuzlyk kitabyna bellenilmelidir. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine jogapkär işgärler çäre başlamazdan öň, ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaba laýykdygyna we otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine göz ýetirmelidirler. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine jogapkär işgärler Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli Ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermelidirler. Jaýlaryň ýokarky örtükleri ýanmaga ukyply bolan binalarda baýramçylyk çäreleri 2 gatdan ýokary bolmadyk jaýlarda geçirilmeli. Täze ýyl arçasynyň gurnalan ýerinden daşaryk ýa-da binanyň basgançaklaryndan çykýan azyndan 2 sany çykalganyň bolmagyny üpjün etmeli. Geçelgeleriň, çykalgalaryň ugurlarynda arça agajyny bezemek gadagandyr. Bezelen arçanyň berk esasda oturdylmagyny üpjün edip, onuň şahalary jaýyň diwarlaryndan bir metrden az bolmadyk aradaşlykda bolmagyny gazanmaly. Binada elektrik yşygy bolmadyk halatynda, oýunlardyr şowhun-şagalaňlaryň diňe gündiz geçirilmegine rugsat bermeli. Arçalary çyra

«Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!»

Täze ýyl baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň edara-kärhanalarynyň, orta mekdepleriniň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda etrabyň «Bagt köşgi» toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hünärmenleri, işjeň agzalary Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýolladylar. Bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriniň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw edip, olar ýaşlar baradaky ýadawsyz aladasy, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler.

Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň köpugurly pudagydyr

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy