"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ekoulag: saglyk bilen tükeniksiz lezzet

Ekologiýa hiç-hili zyýan ýetirmeýän iki tigirli ulagyň — welosipediň üstünde oturan ýeriňden ýetişibildigiňden onuň çarhlaryna bat berýärsiň. Tizligiň bolsa barha artyp barýar. Özüňi aýna ýaly tekiz ýoldan ýüzüp barýan mysaly duýýarsyň. Badyň gowşanok. Ümzügiň bolsa öňe, gollaryň berdaşlanyp, üznüksiz hereketlenýän aýaklaryň gujurlanyp, süňňüňe güýç-kuwwat inen ýaly has-da hyjuwlanýarsyň. Şol pursat özüňi ýelgamak deý ýeňil duýup, dem alyş ýollaryň giňäp, tükeniksiz lezzete berleniňi duýman galýarsyň. Şeýle başdan geçirmelere geçen hepdäniň çarşenbe güni, ýagny, Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanymyzda eýe bolduk. Yzygider meşgullanmasamam, şol günki welosipedli ýöriş göwnümi galkyndyryp, ruhumy belende göterip, döredijilik äleminde täzeçilliklere ataryp, durmuş ýodasynda ýaşaýşa bolan höwesimi artdyrdy. Bedenimiň berkemegine has-da itergi berdi. Megerem, bu ýöriş oňa gatnaşan beýleki ençeme ildeşlerimizde-de şeýle täsirleri galdyran bolsa gerek. Ömrüni sportuň welosipedli görnüşine baglanlar hakda-ha gürrüň ýok.

Lukmanlaryň bäsleşigi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşy welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilelikde guradylar. Sportuň ähli görnüşleriniň ynsan saglygyna peýdasynyň uludygy hemmä mälim. Şol sanda stoluň üstünde oýnalýan tennis hem beden myşsalaryny herekete getirip, ýürek, dem alyş ýollarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Şeýle-de diňe bedeniň içki agzalarynyň işini kadalaşdyrman, eýsem, adamyň daş keşbini hem gözelleşdirýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlar syrdam, görmegeý bolýarlar.

Sport baýramçylygynyň joşguny

ÖŇŇIN Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giňden bellenip geçirildi. Etraplarda we Tejen şäherinde bu sene mynasybetli medeni, sport-sagaldyş çäreleri, dabaraly maslahatlar ýaýbaňlandyryldy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler bolsa, baýramçylyk dabaralaryna baý many öwüşginini goşdy. Welaýat derejesindäki esasy baýramçylyk dabaralary köpçülikleýin welosipedli ýörişden başlandy. Şonuň bilen baglanyşykly, ýörişe gatnaşyjylar ir säher bilen Ak bugdaý etrabynyň çägindäki dag tebigatynyň gözel künjegi bolan Bagabat jülgesine ýygnandylar. Dag jülgesinden welaýat merkezine alyp barýan ýoluň ugrunda gurnalan «Badalga» diýen ýazgyly arkanyň ýanyna ýygnanan ildeşlerimiz üçin daş-töwerekdäki gözellikleri synlamak, baharyň hoştap howasyndan dem almak has-da ýakymlydy. Welaýatymyzyň aýdym-saz, birleşen dutarçylar toparlarynyň joşup ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň owazy bolsa, ýaz säheriniň jana ýakymly şemalyna sazlaşyp, has uzaklara ýaň saldy hem-de welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Şeýle göwün göteriji pursatlarda welosipedli ýörişe badalga berildi.

Sport — dostlugyň ýoly

Eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Dostlugyň we ynanyşmagyň başlangyjy bolan sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýje öwrüldi. Eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Halkymyzyň saglygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäni hem-de sporty jemgyýetimizi, halklary jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdügini belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrundaky işler giň gerim bilen alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport saglygyň, gözelligiň, ruhy baýlygyň girewi bolup durýar. Şoňa baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli sporty ösdürmek, sport ulgamynda halkara guramalary bilen netijeli h

Sagdynlygyň gözbaşy

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň Watany

Türkmen sporty jahana dolýar

Hormatly Arkadagymyzyň döredijilikli gözlegleriniň netijesinde berkarar bolan türkmen paýtagtynyň beýik ösüşleri, ýaşaýjylar we myhmanlar bilen bagly amal edilýän döwrebap ölçegler, şertler bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. arassa hem owadan, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin örän amatly, binagärlik taýdan has kämil ak şäher hökmünde giňden tanalýan paýtagtymyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler aýratyn guwandyryjydyr. Aşgabatda gurlan Olimpiýa şäherçesi bolsa bu ugurda amal edilen beýik işleriň öňdäki hatarynda durýar. Bu şäherçede birnäçe görnüşli sport bäsleşiklerini, şol sanda iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin halkara olimpiýa oýunlaryny geçirmegiň kadalaryna doly laýyk gelýän iri sport desgalarynyň birnäçesi bar.

Meşhur türgen ýene-de boksa dolanýar

Asly Meksikadan bolan amerikaly boksçy Oskar de la Hoýa ýene-de özüniň söýgüli sportuna dolanmakçy bolýar. 48 ýaşyndaky boksçy 13 ýyllyk arakesmeden soň ringe dolanar. «Altyn çaga» lakamly boksçy 2000-nji ýyllaryň başlarynda uly meşhurlyk gazanypdy. Onuň täzeden ilkinji duşuşygyny Los Anjeles şäherinde 3-nji iýulda Floýd Meýwezer bilen geçirmegine garaşylýar. Özüniň sport ýolunda 45 duşuşyk geçiren Oskar de la Hoýa şolaryň 39-synda ýeňiş gazanypdy. Ýeňişleriniň 30-syny hem nokaut bilen almagy başaran boksçy 6 gezek ýeňlişe sezewar boldy. 1992-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp bolan Oskar de la Hoýa özüniň sport ýolunda 6-njy görnüşdäki agram derejesinde 11 çempionlyk gazandy. Ol soňky duşuşygynda 2008-nji ýylda filippinli meşhur boksçy Menni Pakiýao bilen tutluşyp, garşydaşyndan asgyn gelipdi.

«Sen türkmeniň Ýulduz gyzy — Ýyldyzy!»

Aýazly gyşy ak garsyz, güýzi şahyr Gurbannazarsyz, ýaşyl ýazy gülsüz, tomsy bolsa Günsüz göz öňüne getirmek mümkin däl. Aýly agşam diýlende, ýyldyzlaryň göz öňüňe gelşi ýaly, zenanlaryň arasyndaky agyr atletika diýlende hem, dünýä sportunyň parlak ýyldyzy — Ýulduz Jumabaýewa göz öňüňe gelýär. Çünki ol, ýeňişlere bolan ynamymyzy Watanyň abadan ertirine bolan ynam bilen deňeýän hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen türgenleriniň üstünliginden durmuşa hyjuwlylygyň synmazlygy duýulýar. Sport biziň üçin ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr.» diýen sözlerinden ruhlanyp, dünýä rekordyny täzelän yrylmaz yhlasly türgen. Ol, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň adyna Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyndan we baş kätibinden gelip gowşan hatda beýan edilen hoş habar bilen her bir türkmenistanlyny uly buýsanja, guwanja beslän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby, ol ak mermerli binalary bilen ösüşler barasynda sözsüz söhbet açýan paýtagtymyz Aşgabadyň 140-njy ýazynyň ilkinji aýynyň 10-njy gününde dünýäniň agyr atletikasynyň zenanlar mekdebindäki iň uly üstünligini taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazan edenli türkmen gyzy, ol, dünýädäki iň bagtly eje b

«Krasnodaryň» täze tälimçisi

Russiýanyň çempionaty «Premýer ligada» soňky tapgyrlarda şowsuz çykyş edýän «Krasnodar» topary tälimçisini çalyşdy. Toparyň ýolbaşçylary soňky tapgyrda «Ahmatdan» 5:0 hasabynda ýeňilmeginden soň, Murad Musaýewi wezipesinden boşatdylar. Onuň ornuna-da dessine Wiktor Gonçarenkony toparyň täze tälimçisi wezipesine bellediler. Belarusly tälimçi «Krasnodar» topary bilen 2023-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Gonçarenko mundan ozal Moskwanyň SSKA toparyna tälim berýärdi. SSKA topary golaýda onuň ornuna ozalky futbolçylaryndan horwatiýaly Iwisa Oliç bilen şertnama baglaşypdy.

Tejribeli hüjümçi

Italiýanyň «Milan» futbol topary düzümindäki tejribeli hüjümçi Zlatan Ibrahimowiç bilen bar bolan şertnamasynyň möhletini ýene bir ýyllyk uzaltdy. Şwesiýaly 39 ýaşyndaky futbolçy golaýda topary bilen geljek ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Şu möwsümde «Serie A-da» 16 oýunda 15 pökgi geçiren tejribeli hüjümçi geçen ýylyň ýanwarynda «Milanyň» düzümine goşulypdy. Ökde hüjümçi golaýda ençeme ýyldan soň täzeden milli ýygynda hem çagyrylypdy. «Milan» toparyna möwsümiň ahyrynda şertnamasy tamamlanýan derwezeçisi Janluiji Donnaruma hem-de türkiýeli ýarym goragçysy Hakan Çalhanoglu bilen entek ylalaşyk gazanmak başardanok. Taraplar töleg meselesinde ylalaşyp bilenoklar. «Milan» toparynyň şu gyşda düzümine goşan oýunçysy Mario Manžukiçiň welin şertnamasynyň uzaldylmajakdygy habar berildi.

Dubaý Dünýä Kubogy ugrunda

At çapyşygy boýunça geçirilen Dubaý Dünýä Kubogy ýaryşynda Luis Saesiň «Mystic Guide» atly aty ýeňiş gazandy. Ol bellenen 2000 metr aralygy 2 minut 01,61 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Umumy baýrak gaznasy 12 million dollara deň bolan ýaryşda ýeňiji 7,2 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandy. Ýaryşda Keita Tosakiniň «Chuwa Wizard» atly aty 2-nji ýeri eýeledi. William Buikiň çapyksuwarlygyndaky «Magny Cours» aty bolsa, pellehanadan 3-nji bolup geçdi. Olar degişlilikde 2,4 million hem-de 1,2 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandylar. Dubaý Dünýä Kubogy at çapyşygy ýaryşy şu ýyl 25-nji gezek geçirilip, ol 1996-njy ýyldan bäri dowam edýär. Ýaryş Dubaýda meşhurlyk gazanan «Meydan Racecourse» aýlawynda geçirilýär. Şu wagta çenli bu ýaryşlarda diňe «Thunder Snow» atly ata 2 gezek (2018 ý., 2019 ý.) ýeňiş gazanmak başartdy.

Golfçynyň ilkinji üstünligi

Golf boýunça ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda zenanlaryň arasynda geçirilen «ANA Inspiration» ýaryşynda taýlandly Patti Tawatanakit ýeňiş gazandy. Ol 50-nji gezek geçirilen bu bäsleşikde 202 utuk toplap, çempion bolmagy başardy. Bu 21 ýaşly golfçynyň ilkinji çempionlygy hökmünde hasaba alyndy. Ýaryşda amerikaly Elli Pawang 2-nji, Günorta koreýaly Mirim Li 3-nji ýeri eýeledi. Zenanlaryň arasyndaky bu bäsleşik 1972-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. 1983-nji ýylda uly ýaryşlaryň hataryna goşulan bäsleşigiň umumy baýrak gaznasy 3 million dollara deňdir.

Täze ýaryşyň birinji çempiony

Daniýaly welosportçy öňe saýlandy

«Monument» ady bilen geçirilýän bir günlük welosiped ýol ýaryşlarynyň ikinjisi «Tour of Flanders» bäsleşigi Belgiýada geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde «Deceuninck — Quick-Step» toparynyň daniýaly türgeni Kasper Asgrin ýeňiş gazandy. Ol Antwerpen şäherinden başlap, Oudenaard şäherinde tamamlanan 263,7 kilometrlik ýaryşy 6 sagat 02 minut 12 sekuntda geçmegi başardy. Bu 26 ýaşly türgeniň «Monument» ýaryşlaryndaky ilkinji üstünligidir. Asgrin bilen deň netije görkezen «Alpecin — Fenix» toparynyň niderland türgeni Matiu wan der Poel 2-nji orna mynasyp boldy. «AG2R Citroen Team» toparynyň belgiýaly türgeni Greg Wan Awermaet ýeňijiden 32 sekunt az netije görkezip, münberiň üçünji basgançagyna çykdy. «Monument» nusgawy welosiped ýol ýaryşlary her ýyl geçirilip, ol 5 bäsleşigi özünde jemleýär. Möwsümiň ilkinji ýaryşlary Milan — San Remo bäsleşikleri mart aýynyň ahyrynda, «Tour of Flanders» ýaryşlary apreliň ilkinji ýekşenbesinde geçirilýär. Bu ýaryşdan bir hepde soň geçirilýän Pariž — Rube bäsleşigi möwsümiň 3-nji ýaryşydyr. Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde-de Belgiýada Liež — Boston — Liež ýaryşlary guralýar. «Monument» ýaryşlary güýz aýyndaky «Žiro di Lombardia» bäsleşigi bilen jemlenýär.

Ýyndamlaryň ýaryşy

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda gyzykly sport ýaryşlarynyň birnäçesi ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň welaýat merkezindäki 11-nji sport mekdebi bilen bilelikde geçiren ýeňil atletika boýunça ýaryşyna şäheriň iň güýçli ýaş türgenleri gatnaşdylar. Ýeňil atletikanyň dört görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijesinde olaryň iň ezberleri Türkmenabat şäheriniň çempionlary boldular. Milli Liderimiziň ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde gündogar sebitiň türgenleri, şol sanda ýeňil atletikaçylarymyz hem döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda türgenleşip, halkara we milli ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeleýärler. Soňky ýyllarda Jeýhun ýakasynda önüp-ösen türgenleriň arasynda iri ýaryşlaryň ýeňijileri bolanlar barmak büküp sanardan kän.

Bagtyýarlygyň şuglasy

Dünýäde ynsan üçin iň gymmatly baýlyk saglyk. Ynsan saglygyny ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň döredijilikli zähmeti ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Häzirki wagtda ynsan saglygyny goramakda beýik işler alnyp barylýar. Ynsan saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeler ýurdumyzyň halkara giňişligindäki at-abraýyny has-da belende göterýär.

Ökdeleri öňe saýlan ýaryşlar

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen ýaryşlar türgenleriň öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça barha kämilleşýändikleriniň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça geçirilen birinjiliginde degişli agram derejeleri boýunça oglanlaryň arasynda Çaryýar Amanhanow, Pirmämmet Gurtgeldiýew, Perhat Goşaýew, Musa Jumagulyýew dagy iň oňat görkezijiler bilen birinji orunlary eýelemekligi başardylar. Gyzlaryň arasynda bolsa Gülmira Ataýewa, Keýki Amannazarowa, Artykgül Batyrowa dagy degişli agram derejelerinde iň gowy netijeleri görkezdiler.

Sport syýasatynyň gadamlary

Türgenleriň hatary artýar Ynsan saglygy hakyndaky alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe wajyp meselä öwrüldi. Arkadag Prezidentimiz halkyň saglygyny goramagy ýokary derejelere çykarmak bilen bagly tutumly işlere badalga berdi. Muňa Garaşsyz Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanmaga berlen stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Sagdynlygyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdür». Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etmek bilen, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly gadymy ýörelgelerini döwrebap dowam etdirmek, ildeşlerimiziň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde geçen ýyllaryň içinde berkarar Watanymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy, döwrebap sport düzümleri kemala getirildi. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde gurlan Olimpiýa şäherçesi, Aşgabatda hereket edýän häzirki zaman köpugurly sport toplumlary, welaýatlardaky atçylyk-sport toplumlary we köpsanly sport desgalary bu hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle ajaýyp desgalar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, sportuň barha ösmege, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy, beden taýdan berk we ruhy