Meşhur türgen ýene-de boksa dolanýar

7 Aprel 2021
1090

Asly Meksikadan bolan amerikaly boksçy Oskar de la Hoýa ýene-de özüniň söýgüli sportuna dolanmakçy bolýar. 48 ýaşyndaky boksçy 13 ýyllyk arakesmeden soň ringe dolanar. «Altyn çaga» lakamly boksçy 2000-nji ýyllaryň başlarynda uly meşhurlyk gazanypdy. Onuň täzeden ilkinji duşuşygyny Los Anjeles şäherinde 3-nji iýulda Floýd Meýwezer bilen geçirmegine garaşylýar. Özüniň sport ýolunda 45 duşuşyk geçiren Oskar de la Hoýa şolaryň 39-synda ýeňiş gazanypdy. Ýeňişleriniň 30-syny hem nokaut bilen almagy başaran boksçy 6 gezek ýeňlişe sezewar boldy. 1992-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp bolan Oskar de la Hoýa özüniň sport ýolunda 6-njy görnüşdäki agram derejesinde 11 çempionlyk gazandy. Ol soňky duşuşygynda 2008-nji ýylda filippinli meşhur boksçy Menni Pakiýao bilen tutluşyp, garşydaşyndan asgyn gelipdi.

Beýleki habarlar