Daniýaly welosportçy öňe saýlandy

7 Aprel 2021
862

«Monument» ady bilen geçirilýän bir günlük welosiped ýol ýaryşlarynyň ikinjisi «Tour of Flanders» bäsleşigi Belgiýada geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde «Deceuninck — Quick-Step» toparynyň daniýaly türgeni Kasper Asgrin ýeňiş gazandy. Ol Antwerpen şäherinden başlap, Oudenaard şäherinde tamamlanan 263,7 kilometrlik ýaryşy 6 sagat 02 minut 12 sekuntda geçmegi başardy. Bu 26 ýaşly türgeniň «Monument» ýaryşlaryndaky ilkinji üstünligidir. Asgrin bilen deň netije görkezen «Alpecin — Fenix» toparynyň niderland türgeni Matiu wan der Poel 2-nji orna mynasyp boldy. «AG2R Citroen Team» toparynyň belgiýaly türgeni Greg Wan Awermaet ýeňijiden 32 sekunt az netije görkezip, münberiň üçünji basgançagyna çykdy.

«Monument» nusgawy welosiped ýol ýaryşlary her ýyl geçirilip, ol 5 bäsleşigi özünde jemleýär. Möwsümiň ilkinji ýaryşlary Milan — San Remo bäsleşikleri mart aýynyň ahyrynda, «Tour of Flanders» ýaryşlary apreliň ilkinji ýekşenbesinde geçirilýär. Bu ýaryşdan bir hepde soň geçirilýän Pariž — Rube bäsleşigi möwsümiň 3-nji ýaryşydyr. Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde-de Belgiýada Liež — Boston — Liež ýaryşlary guralýar. «Monument» ýaryşlary güýz aýyndaky «Žiro di Lombardia» bäsleşigi bilen jemlenýär.

Beýleki habarlar