Ýyndamlaryň ýaryşy

7 Aprel 2021
1263

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda gyzykly sport ýaryşlarynyň birnäçesi ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň welaýat merkezindäki 11-nji sport mekdebi bilen bilelikde geçiren ýeňil atletika boýunça ýaryşyna şäheriň iň güýçli ýaş türgenleri gatnaşdylar. Ýeňil atletikanyň dört görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijesinde olaryň iň ezberleri Türkmenabat şäheriniň çempionlary boldular.

Milli Liderimiziň ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde gündogar sebitiň türgenleri, şol sanda ýeňil atletikaçylarymyz hem döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda türgenleşip, halkara we milli ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeleýärler. Soňky ýyllarda Jeýhun ýakasynda önüp-ösen türgenleriň arasynda iri ýaryşlaryň ýeňijileri bolanlar barmak büküp sanardan kän.

Irina HEMRAKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar