Sagdynlygyň gözbaşy

7 Aprel 2021
866

Halkara abraýy gün-günden Arşa galýan ata Watanymyz häzirki wagtda Ýer ýüzünde sagdynlygyň we ruhubelentligiň Diýary hökmünde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň, aýratyn hem, ata Watanymyzyň geljegi, bolan ýaş nesilleriň sagdynlygy babatda amala aşyrylýan beýik işleriň ähmiýeti örän uludyr. Düýn ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda Bütindünýä saglyk gününiň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda geçen sanlyja ýylyň içinde ýaşlaryň sport bilen işjeň meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Sport ulgamynda bitirilen beýik işler hakynda gürrüň edilende paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ýerde 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň taryhynda hem möhüm wakalaryň biri bolupdy. Halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýeri, sebitiň iri sport merkezi bolan Olimpiýa şäherçesinde şu ýyl hem Welotrek boýunça dünýä çempionaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. Şeýle hem, paýtagtymyzda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşlaryň saýlama tapgyrynyň geçirilmegine uludan taýýarlyk görülýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçiriljek bu halkara ýaryşlary sportuň ösen Diýary hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da beýgelder.

Allaberdi OMAROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar