Sagdynlygyň binýady

4 Aprel 2021
1029

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdür». Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etmek bilen, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly gadymy ýörelgelerini döwrebap dowam etdirmek, ildeşlerimiziň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde geçen ýyllaryň içinde berkarar Watanymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy, döwrebap sport düzümleri kemala getirildi. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde gurlan Olimpiýa şäherçesi, Aşgabatda hereket edýän häzirki zaman köpugurly sport toplumlary, welaýatlardaky atçylyk-sport toplumlary we köpsanly sport desgalary bu hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle ajaýyp desgalar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, sportuň barha ösmege, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi babatynda möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda türgenlerimiziň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň sporty ösdürmek, bu ugurda ildeşlerimize döredýän ajaýyp şertleridir mümkinçilikleriniň ajaýyp miwesi bolup durýar. Türgenlerimiziň 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewanyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan ajaýyp üstünlikleri uly buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr.

Umyt JUMAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar