Lukmanlaryň bäsleşigi

9 Aprel 2021
1307

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşy welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilelikde guradylar.

Sportuň ähli görnüşleriniň ynsan saglygyna peýdasynyň uludygy hemmä mälim. Şol sanda stoluň üstünde oýnalýan tennis hem beden myşsalaryny herekete getirip, ýürek, dem alyş ýollarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Şeýle-de diňe bedeniň içki agzalarynyň işini kadalaşdyrman, eýsem, adamyň daş keşbini hem gözelleşdirýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlar syrdam, görmegeý bolýarlar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar