Dubaý Dünýä Kubogy ugrunda

7 Aprel 2021
960

At çapyşygy boýunça geçirilen Dubaý Dünýä Kubogy ýaryşynda Luis Saesiň «Mystic Guide» atly aty ýeňiş gazandy. Ol bellenen 2000 metr aralygy 2 minut 01,61 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Umumy baýrak gaznasy 12 million dollara deň bolan ýaryşda ýeňiji 7,2 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandy. Ýaryşda Keita Tosakiniň «Chuwa Wizard» atly aty 2-nji ýeri eýeledi. William Buikiň çapyksuwarlygyndaky «Magny Cours» aty bolsa, pellehanadan 3-nji bolup geçdi. Olar degişlilikde 2,4 million hem-de 1,2 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandylar. Dubaý Dünýä Kubogy at çapyşygy ýaryşy şu ýyl 25-nji gezek geçirilip, ol 1996-njy ýyldan bäri dowam edýär. Ýaryş Dubaýda meşhurlyk gazanan «Meydan Racecourse» aýlawynda geçirilýär. Şu wagta çenli bu ýaryşlarda diňe «Thunder Snow» atly ata 2 gezek (2018 ý., 2019 ý.) ýeňiş gazanmak başartdy.

Beýleki habarlar