Täze ýaryşyň birinji çempiony

7 Aprel 2021
914

Awtoulag ýaryşlarynyň hataryna ýene biri goşulyp, ol «Extreme E» bäsleşigidir. Dakar rallisini ýadyňa salýan bu ýaryşda ulaglar elektrik energiýasy bilen hereket edýärler. Ýolsuz ýerlerde geçirilýän ýaryşlara 9 topardan jemi 18 sürüji gatnaşýar. Her toparyň iki sürüjisi bolup, olaryň biri erkek, beýlekisi-de zenan sürüjilerdir. Möwsümde jemi 5 ýaryş geçiriler. Olaryň ilkinjisi çöllük ýerler bolup, birinji ýaryş Saud Arabystany döwletinde geçirildi. Ikinjisi ummanyň kenaryndaky ýaryş bolup, ol maý aýynda Senegalda geçiriler. Üçünji bäsleşik buzluk we garlyk ýerlerde bolar we ol Grenlandiýada guralar. ýaryşlaryň 4-nji bäsleşigi tokaýlykda, ýagny Braziliýanyň Amazonka tokaýlygynda, jemleýji bäsleşik bolsa, Argentinanyň buzly ýerlerinde geçiriler.

Saýlama tapgyrynda öňdäki 3 orny eýelän toparlar ýarym finala çykyp, ol ýerde-de 1 we 2-nji orny alanlar finalda çykyş etmäge hukuk gazandy. Saýlama tapgyrynda 4 — 5 — 6-njy orunlary eýelän toparlar «Crazy Race», saýlama tapgyryny 7 — 8 — 9-njy ýerde tamamlanlar «Shootout» ýaryşlaryna gatnaşdy. Netijede, Saud Arabystanynda geçirilen möwsümiň ilkinji ýaryşynda fransiýaly meşhur sürüji Sebastian Ožie we Kristina Gutierreşiň wekilçilik edýän topary «Team X44» hem-de şwesiýaly Ýohan Kristoffersson bilen awstraliýaly Molli Teýloryň çykyş edýän topary «Rosberg X Racing» finala çykdy. «Crazy Race» ýaryşynyň ýeňiji topary «Andretti United Extreme E» finala çykan beýleki topar boldy. Final tapgyrynda-da «Rosberg X Racing» toparynyň sürüjileri has ussatlyk görkezip, täze bäsleşigiň ilkinji çempiony diýen ady eýelediler.

Beýleki habarlar