Ökdeleri öňe saýlan ýaryşlar

5 Aprel 2021
1042

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen ýaryşlar türgenleriň öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça barha kämilleşýändikleriniň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.

Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça geçirilen birinjiliginde degişli agram derejeleri boýunça oglanlaryň arasynda Çaryýar Amanhanow, Pirmämmet Gurtgeldiýew, Perhat Goşaýew, Musa Jumagulyýew dagy iň oňat görkezijiler bilen birinji orunlary eýelemekligi başardylar. Gyzlaryň arasynda bolsa Gülmira Ataýewa, Keýki Amannazarowa, Artykgül Batyrowa dagy degişli agram derejelerinde iň gowy netijeleri görkezdiler.

Aşyr BERDIÝEW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar