Sport baýramçylygynyň joşguny

8 Aprel 2021
1047

ÖŇŇIN Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giňden bellenip geçirildi. Etraplarda we Tejen şäherinde bu sene mynasybetli medeni, sport-sagaldyş çäreleri, dabaraly maslahatlar ýaýbaňlandyryldy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler bolsa, baýramçylyk dabaralaryna baý many öwüşginini goşdy.

Welaýat derejesindäki esasy baýramçylyk dabaralary köpçülikleýin welosipedli ýörişden başlandy. Şonuň bilen baglanyşykly, ýörişe gatnaşyjylar ir säher bilen Ak bugdaý etrabynyň çägindäki dag tebigatynyň gözel künjegi bolan Bagabat jülgesine ýygnandylar. Dag jülgesinden welaýat merkezine alyp barýan ýoluň ugrunda gurnalan «Badalga» diýen ýazgyly arkanyň ýanyna ýygnanan ildeşlerimiz üçin daş-töwerekdäki gözellikleri synlamak, baharyň hoştap howasyndan dem almak has-da ýakymlydy. Welaýatymyzyň aýdym-saz, birleşen dutarçylar toparlarynyň joşup ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň owazy bolsa, ýaz säheriniň jana ýakymly şemalyna sazlaşyp, has uzaklara ýaň saldy hem-de welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Şeýle göwün göteriji pursatlarda welosipedli ýörişe badalga berildi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: köpçülikleýin welosipedli ýörişden pursatlar. Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar