«Sen türkmeniň Ýulduz gyzy — Ýyldyzy!»

7 Aprel 2021
1129

Aýazly gyşy ak garsyz, güýzi şahyr Gurbannazarsyz, ýaşyl ýazy gülsüz, tomsy bolsa Günsüz göz öňüne getirmek mümkin däl. Aýly agşam diýlende, ýyldyzlaryň göz öňüňe gelşi ýaly, zenanlaryň arasyndaky agyr atletika diýlende hem, dünýä sportunyň parlak ýyldyzy — Ýulduz Jumabaýewa göz öňüňe gelýär. Çünki ol, ýeňişlere bolan ynamymyzy Watanyň abadan ertirine bolan ynam bilen deňeýän hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen türgenleriniň üstünliginden durmuşa hyjuwlylygyň synmazlygy duýulýar. Sport biziň üçin ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr.» diýen sözlerinden ruhlanyp, dünýä rekordyny täzelän yrylmaz yhlasly türgen. Ol, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň adyna Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyndan we baş kätibinden gelip gowşan hatda beýan edilen hoş habar bilen her bir türkmenistanlyny uly buýsanja, guwanja beslän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby, ol ak mermerli binalary bilen ösüşler barasynda sözsüz söhbet açýan paýtagtymyz Aşgabadyň 140-njy ýazynyň ilkinji aýynyň 10-njy gününde dünýäniň agyr atletikasynyň zenanlar mekdebindäki iň uly üstünligini taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazan edenli türkmen gyzy, ol, dünýädäki iň bagtly eje bilen kakanyň perzendi. Ýulduza ähli türkmen enesi Emine eje bolup, türkmeniň ähli ýaşululary Alymbaý kaka bolup, bedewlerini uçar ganatyna deňeýän türkmen ýigitleri Atajan aga bolup, deňi-taýy bolmadyk nepis halylary, bahary ýatladýan owadan lybaslary, sünnälenen el işleri bilen älem-jahany haýran edýän türkmen gyzlary Faridadyr Hamida bolup, dünýäniň ähli tälimçileri bolsa, Zeripbaý Kerimbaýew bolup guwanýar. Ogulbeg Jumaýewanyň : «... perzentlerimiziň ata-enä berýän şatlygydyr bagtyny, heý-de, ölçäre metrler, göterere tereziler tapylarmyka?! Tapylmaz, Gün bolup nuruňy dökseň-de, at bolup jülgeleri sökseň-de, awara şemallar ýaly, ähli ýurtlaryň serhetlerinden säginmän geçip, ülkeme-ülke aýlansaň-da, tapylmaz...» diýip belleýşi ýaly, Ýulduzyňam bütindünýä rekordyny täzeläp, ony öz perzendi saýýan her bir türkmen ene-atasyna bagyş eden bagtyny, şatlygyny ölçäre metrler, göterere tereziler tapylmasa gerek?!..

Biz hem gazetimiziň şu sanynda agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolup, türkmeniň at-abraýyny dünýä tanadan Ýulduz JUMABAÝEWA bilen söhbetdeşlik guradyk. Watanymyza şan getiren pälwan gyzyň nurana ýüzüne seredenimizde Oguljemal halypanyň Ýulduz hakyndaky goşgusy öz-özünden dilimize geldi...

Söhbetdeş bolan Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar