Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň Watany

7 Aprel 2021
927

Baş baýlygymyzy goramagy baş maksadyna öwrüp, bu ulgam babatda oňyn özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýokary netijeli sport hereketi giň gerime eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi we oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ähli ilaty, aýratyn-da, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýarlar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen bir hatarda, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, dünýä derejeli türgenleriň we tälimçileriň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şeýle hem bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlary we desgalary guruldy hem-de yzygiderli ulanylmaga berilýär. Olar ýokary derejedäki iri ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak we türgenleriň ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýäniň sport giňişliklerinde ýokary netijeleri gazanmaklary we mähriban Watanymyzyň sport giňişligindäki abraýyny belende götermekleri üçin zerur tagallalar edilýär.

Gurbanjemal Artykowa,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar