Sport — dostlugyň ýoly

8 Aprel 2021
1111

Eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Dostlugyň we ynanyşmagyň başlangyjy bolan sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýje öwrüldi. Eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Halkymyzyň saglygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäni hem-de sporty jemgyýetimizi, halklary jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdügini belleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrundaky işler giň gerim bilen alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport saglygyň, gözelligiň, ruhy baýlygyň girewi bolup durýar. Şoňa baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli sporty ösdürmek, sport ulgamynda halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara tejribe alyşmak babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de saglygyň daýanjy bolan bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, olimpiýa hereketini ösdürmek, eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda welosiped sportuna hem aýratyn üns berilýär. Ynsan saglygy üçin diýseň peýdaly bolan welosiped türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Uzak aralygy welosipedli geçmekde milli Liderimiz halkymyza nusgalyk görelde bolýar. Şeýlelikde, sportuň welotrek görnüşi boýunça şu ýylyň altyn güýzünde paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionaty bu ugruň has-da ösdürilmeginde oňat mümkinçilikleri döreder, şeýle hem 2021-nji ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüler.

Döwletgeldi MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar