Tejribeli hüjümçi

7 Aprel 2021
894

Italiýanyň «Milan» futbol topary düzümindäki tejribeli hüjümçi Zlatan Ibrahimowiç bilen bar bolan şertnamasynyň möhletini ýene bir ýyllyk uzaltdy. Şwesiýaly 39 ýaşyndaky futbolçy golaýda topary bilen geljek ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Şu möwsümde «Serie A-da» 16 oýunda 15 pökgi geçiren tejribeli hüjümçi geçen ýylyň ýanwarynda «Milanyň» düzümine goşulypdy. Ökde hüjümçi golaýda ençeme ýyldan soň täzeden milli ýygynda hem çagyrylypdy. «Milan» toparyna möwsümiň ahyrynda şertnamasy tamamlanýan derwezeçisi Janluiji Donnaruma hem-de türkiýeli ýarym goragçysy Hakan Çalhanoglu bilen entek ylalaşyk gazanmak başardanok. Taraplar töleg meselesinde ylalaşyp bilenoklar. «Milan» toparynyň şu gyşda düzümine goşan oýunçysy Mario Manžukiçiň welin şertnamasynyň uzaldylmajakdygy habar berildi.

Beýleki habarlar