Türkmen sporty jahana dolýar

7 Aprel 2021
968

Hormatly Arkadagymyzyň döredijilikli gözlegleriniň netijesinde berkarar bolan türkmen paýtagtynyň beýik ösüşleri, ýaşaýjylar we myhmanlar bilen bagly amal edilýän döwrebap ölçegler, şertler bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. arassa hem owadan, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin örän amatly, binagärlik taýdan has kämil ak şäher hökmünde giňden tanalýan paýtagtymyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler aýratyn guwandyryjydyr.

Aşgabatda gurlan Olimpiýa şäherçesi bolsa bu ugurda amal edilen beýik işleriň öňdäki hatarynda durýar. Bu şäherçede birnäçe görnüşli sport bäsleşiklerini, şol sanda iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin halkara olimpiýa oýunlaryny geçirmegiň kadalaryna doly laýyk gelýän iri sport desgalarynyň birnäçesi bar.

Güljahan MUHAMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar