Ekoulag: saglyk bilen tükeniksiz lezzet

11 Aprel 2021
1053

Ekologiýa hiç-hili zyýan ýetirmeýän iki tigirli ulagyň — welosipediň üstünde oturan ýeriňden ýetişibildigiňden onuň çarhlaryna bat berýärsiň. Tizligiň bolsa barha artyp barýar. Özüňi aýna ýaly tekiz ýoldan ýüzüp barýan mysaly duýýarsyň. Badyň gowşanok. Ümzügiň bolsa öňe, gollaryň berdaşlanyp, üznüksiz hereketlenýän aýaklaryň gujurlanyp, süňňüňe güýç-kuwwat inen ýaly has-da hyjuwlanýarsyň. Şol pursat özüňi ýelgamak deý ýeňil duýup, dem alyş ýollaryň giňäp, tükeniksiz lezzete berleniňi duýman galýarsyň. Şeýle başdan geçirmelere geçen hepdäniň çarşenbe güni, ýagny, Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanymyzda eýe bolduk.

Yzygider meşgullanmasamam, şol günki welosipedli ýöriş göwnümi galkyndyryp, ruhumy belende göterip, döredijilik äleminde täzeçilliklere ataryp, durmuş ýodasynda ýaşaýşa bolan höwesimi artdyrdy. Bedenimiň berkemegine has-da itergi berdi. Megerem, bu ýöriş oňa gatnaşan beýleki ençeme ildeşlerimizde-de şeýle täsirleri galdyran bolsa gerek. Ömrüni sportuň welosipedli görnüşine baglanlar hakda-ha gürrüň ýok.

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar