"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Şahyryň sarpasy

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasynyň Syýasy jemgyýetçilik edebiýaty bölüminiň guramagynda şahyr Şaly Kekilowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanyp «Frontçy şahyr» ady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa kitaphananyň ýaş okyjylary gatnaşdy. Kitaphananyň giň okalga zalynda geçirilen duşuşykda şahyryň ömür-döredijiligi barada täsirli söhbet açyldy. Kitaphana işgärleriniň täzeçilligiň, ruhubelentligiň, watanperwerligiň, ynsan mertebesiniň waspçysy, ölmez-ýitmez eserleri bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran Şaly Kekilowyň edebi mirasynyň gadyr-gymmaty hakynda aýdanlary gyzyklanma bilen diňlendi. Çykyş edenleriň Watanyň azatlygy ugrunda duşmanyň garşysyna atgyr ýaragy we ötgür sözi bilen göreşen tanymal şahyryň ýiti galamyndan çykan şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy barada aýdanlary uly täsirleri galdyrdy.

Ýürekden çykan buýsançly sözler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň giňden toýlanylmagy bilen hakydalarda hemişelik galjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan beýleki wakalara hem diýseň baýdyr. 14-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi we iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisi, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy hem şolaryň hataryny artdyrdy. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky bu taryhy waka gatnaşan ildeşlerimiz öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.        Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda ýaşamak, işlemek, eziz Diýarymyzda bolup geçýän taryhy wakalara şaýat bolmak bagtynyň miýesser edýänligi üçin kalbymyz elmydama begençden, buýsançdan doly. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýakynda geçirilen taryhy çärelere — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň, ýagny Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisine hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisine gatnaşmaklygymam şol begenjimi, buýsanjymy has-da artdyran wakalar boldy.

Demokratik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly taryhy wakalary bilen ajaýyp döwrümize buýsanjymyzy artdyrýar. Bu ýylyň her bir güni hoş habarlardan, täzeliklerden hem-de ösüşlerden doly. Hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasy hem öňdengörüjiligi bilen kabul edilen maksatnamalar, badalga berlen özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini gurmak babatdaky tutumly işleriň amala aşyrylmagyna oňyn şertleri döredýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi taryhy ýylyň ähmiýetini, many-mazmunyny artdyrdy diýip, uly buýsanç bilen aýdasymyz gelýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen konstitusion özgertmeler durmuşa geçirilip başlandy. Bu özgertmelerde demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak, ösdürmek we jemgyýetimize ornaşdyrmak, raýat jemgyýetini gurmak, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler öz beýanyny tapýar. Geçen ýylyň  25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar

Türkmen alabaýy

Görkün görseň gözüň ganar, gahry gelse şir demlidir,Gaba kelle, kelte aýak, ýasy döş, giň gerdenlidir,Howalasyn arşdan alan, agraslygy ýerdenmidir?!Edermendir, edenlidir merdem türkmen alabaýy. Wepalydyr öý-ojaga, iýen duzun haklar mydam,Tumşugyça bir nan berseň, öýüň aman saklar mydam,Janly-jandarlar içinde şondan ýakyn dost barmykan?!Syrdaşdyr adam ogluna her dem türkmen alabaýy.

Milli kanunçylyk kämilleşýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde beýik maksatly tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da berkitmek, halkymyzyň kanuny goraglylygyny pugtalandyrmak işlerine uly üns berilýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde kabul edilýän ähli kanunlar halkara ynsanperwerlik ýörelgelerini, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizligini üpjün edýär. Häzirki wagtda il-ýurt bähbitli täze kanunlaryň kabul edilmegi, döwletimizde milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda amala aşyrylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky döwlet syýasaty halkymyzyň durmuş şertleriniň belent derejelere göterilmegine, adalatly, sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagyna gönükdirilendir. Kämil hem döwrebap kanunlar milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp taglymatynyň dabaralanýandygyny subut edýär.

SURATKEŞ HEM SURATLAR HAKDA SÖHBET

Şahsy arhiwimdäki suratlaryň arasynda mundan on bäş ýyl ozalky bir  wakany ýatladyp duran bäş-alty sany fotosurat bar. Olary Dörtguly Myratgulyýew surata düşüripdir. Waka bolsa Balkanabat şäherinde ýaşaýan suratkeş Amangeldi Hydyrowyň 2006-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda guralan sergisi bilen baglanyşykly. Şol serginiň çäklerinde onuň ogly Döwran Hydyrowyň eserleri-de görkezilipdi. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň kimlerdigi anyk ýadymda galmasa-da, gowudan-gowy sözleriň aýdylandygy, suratkeşiň hoşgylawlygynyň magtalandygy hakydamda. Adamlaryň sanynyň sergi tamamlanýança egsilmändigi welin, häli--häzir hem göz öňümden gidenok.

Eti-de derman ýagy-da

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ulus üçin edýän ýadawsyz aladasy netijesinde ähli söwda nokatlarynda malyň et-ýaglarynyň, ösümliklerden alynýan ýaglaryň onlarça görnüşi bar. Ol azyk önümlerinden ilatyň göwün isleglerine görä haýyrlanmaga doly mümkinçiligi, maddy hal-ýagdaýy bar. Hawa, şeýle dokçulykda, elpe-şelpelikde ýaşap ýörseler-de, telim aýlap bakan baggoýnuny gapysynda şatlyk bilen soýup, onuň semiz läşini böwre çekmek çarwalaryň ýetip bilmeýän telwasydyr. Baggoýunlary ýerinden göterip galdyrar ýaly derejede semretmek adam saýlaýan pişedir. Olary semretmegiň tilsimleriniň özeni ýatagyny, kümesini arassa, ýyly, sergin saklamak bilen birlikde, otuny, iýmini, suwuny irmän-ýadaman, unutman, wagtly-wagtynda berip durmakdan ybaratdyr. Her bir işde bolşy kimin, obamyzda-da baggoýun bakmagyň adygan ussatlary bolardy. Gylyçmämmet aga, Malak aga, Nazar aga, Hajynur aga, Pişek aga zeýilli gojalaryň bakan goýunlaryna göreniň gözi giderdi.

Milli gymmatlyklar nesillere ýol-ýörelgedir

Düýn paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi Merkeziň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bulutlardaky ýol

Argentinanyň egrem-bugram, çylşyrymly demir ýoly şeýle atlandyrylýar. Onuň gurluşygyna 30 ýyla golaý wagt sarp edildi. Bu desganyň geňligi onuň iň ýokarky böleginiň deňiz derejesinden 4200 metr belentlikde ýerleşýänligidir. Demir ýol 21 sany ötelgäniň, 29 sany köpriniň, hatda  derýanyň emele getiren çuň hanasynyň üstünden hem geçýär. Mundan başga-da, öwrümleriň, ýapgytlaryň, kötelleriň ençemesi bar. Demir ýoluň uzynlygy 217 kilometrdir. Ol, ilki bilen, ýoluň ugrunda ýerleşýän ilatly nokatlar üçin niýetlenen bolsa-da, soňlugy bilen syýahatçylary hem özüne çekip başlaýar. Otluda barýarkaň, bulutlary böwsüp geçýärsiň. Şeýle duýgular bilen dünýä jahankeşdeleri demir ýol arkaly tebigat gözelliklerini synlap bilýärler. Häzirki wagtda bu demir ýolda 10 wagonly 640 ýolagçy orunlyk otly sagatda 35 kilometr tizlik bilen gatnawyny dowam etdirýär.

It hakynda pähimler

Är dogan ýerini küýsär, it — doýan ýerini. *  *  *

Sungatym bar — hormatym bar

Sungat birek-biregi dostlaşdyryjy, ýakynlaşdyryjy köprä deňelýär. Çünki sungat eserlerinde umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylyk, gözellik wasp edilýär. Şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek bilelikde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşik muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Bäsleşik jemlendi

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary çeper döredijilige höweslendirmek maksady bilen giň möçberli işler alnyp barylýar. Asylly däbe öwrülen şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlary türkmen sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. 17-nji aprelde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda ýaş žurnalistleriň arasynda makala ýazmak boýunça «Waspyň dillerde dessan — Arkadagly Türkmenistan!», şeýle-de «Şygryýetiň bilbili» ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde geçirilen bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň çar künjeginden kalby ylhamly ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy.

Waspyň dillerde dessan

Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşleriniň dünýäniň ösen binagärligi, öňegidişlikleri bilen deň derejede gadam urýanlygy aýratyn guwandyryjydyr. Berkarar Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan, türkmen paýtagtynda gysga döwürde gurlan ýüzlerçe desgalar çuň many-mazmuny, kämil şertleri, gözelligi, täsinligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzyň ençeme täsin desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy hem milli binagärligimiziň belent ösüşlerinden, öňegidişliklerinden habar berýär. Täsin desgalaryň hatarynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň hem atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak has-da ýakymlydyr. Ahalteke bedewleri mähriban halkymyzyň dünýä gymmatlygyna goşan, sungat derejesine ýetiren täsin milli baýlygydyr. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen häzirki wagtda mähriban halkymyz milli medeniýeti, döreden özboluşly gymmatlyklary bilen dünýäde giňden tanalýar. Ata-babalarymyzyň köpýyllyk zähmeti, ýiti zehini, ýokary başarnygy bilen dörän behişdi bedewler, türkmen alabaýlary bu gün mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bina edilen desgalaryň hatarynda türkmen ala

Gözelligiň dürdänesi

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyzyň günorta — günbatar künjegi, gojaman Köpetdagyň ajaýyp baýyrlyklary tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ilatynyň dynç almagy üçin ýakymly howasy we oňyn şertleri bolan bu künjekde ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän gür tokaý zolaklary kemala getirildi. Şu günler paýtagtymyzyň bu künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlary mynasybetli ulanmaga berilýän möhüm ähmiýetli desgalar ak şäherimiziň beýik ösüşlerini, binagärlik özboluşlylygyny aýdyň dabaralandyrýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda uly dabara bilen ulanmaga berlen «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň täze döwrebap binalary eziz paýtagtymyzyň diňe bir binagärlik keşbini baýlaşdyrman, ýurdumyzyň, ak şäherimiziň mundan beýläkki ösüşlerinde hem möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn guwandyryjydyr. Şanly baýramçylyklara uludan taýýarlyk görýän ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşlerine, owadan ter güllere jäheklenip oturan şaýollaryna, gür baglaryna, yşyklandyryjylaryň owadan şuglasyna bürenen ajaýyp seýilgählerine, gözel ýerlerine syn edeniňde kalbyňda hormatly Prezidentimiziň bitirýän beýik işlerine bolan buýsanç duýgularyň goşalanýar. Goý, mähriban halkymyzy gurmagyň we döretmegiň

Maksatnamalaýyn ösüşe belent ynam bilen

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşa ornaşdyrylýan toplumlaýyn maksatnamalarda ýaşlar baradaky alada esasy orunda durmak bilen, diňe bir şu güni däl, eýsem uzaklary nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşy, bilimi, saglygy, hukuklarynyň goraglylygy bilen baglanyşykly toplumlaýyn çäreler durmuşa ornaşdyrylyp başlandy. Geçen bäş ýylda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýaşlar bilen bagly köpugurly işleri, çäreleri sazlaşykly alyp barmaga gönükdirilen maksatnamanyň ýörelgelerine, wezipelerine laýyklykda, ýaşlaryň arasynda dürli ugurlara dahylly çäreler geçirildi. Olaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, tebigaty, daşky gurşawy goramak, ylma, bilime içgin aralaşmagyny, döredijilik ukyplaryny artdyrmak, milli medeniýetimize we sungatymyza çuňňur gyzyklanma döretmek, şöhratly geçmişimizi beýan edýän muzeýlere, şeýle hem kitaphanalara ýaşlary işjeň çekmek, sagdyn bedenli, sport bilen meşgullanmagy endik edinen, sagdyn durmuşa eýerýän nesli terbiýelemek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp baryldy. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki ylym-bilim, sport

Milli demokratiýanyň kämil nusgasy

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda guramaçylyk meselelerine seredildi, şeýle hem Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki mejlisinde öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyndan kemal tapan bu ajaýyp özgertme täze döwrüň hil taýdan täze ösüşini üpjün eder. Şeýle hem halkymyzyň baý taryhy mirasyna, döwlet gurmak tejribesine, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegine hem-de ösdürilmegine uly mümkinçilikleri berer, kanunlaryň we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi netijeli amala aşyrmaga şert döreder. Döwrebap özgertmeleriň bu täze tapgyry ildeşlerimiziň ýüreklerinde uly buýsanç duýgularyny döretdi. Täzegül NEPESOWA,Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty: — Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan aýratyn möhüm syýasy we taryhy waka — Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji me

Dabaraly maslahat

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ilkinji mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli, golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. «Kanuny döwlet — berkararlygyň kepili» atly şygar astynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagynyň halk bilen milli Liderimiziň baky jebisliginiň ýene bir ýola mizemez beýanyna öwrülendigini nygtady we Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläkki beýik işlerine rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdi. A.Durdyýewa şeýle hem çykyşynyň dowamynda milli parlamentiň hil taýdan täze nusgasynyň kemala gelmeginiň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de berkitmek, baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny işjeň durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmak, ynsanperwer syýasaty amala aşyrmak ýaly belent maksatlardan gözbaş alýandygyny belläp geçdi.

Parahatlyk — ýürek baýdagy

Şeýle buýsançly şygar astynda golaýda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Kitaphananyň mejlisler zalynda geçirilen maslahat üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk ýubileý senelerini giňden dabaralandyrmaga bagyşlandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen, türkmeniň ady bütin dünýä doldy. Döwlet dolandyryşynyň hil taýdan täze ugruny saýlap alan Türkmenistan gysga wagtyň içinde syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda dünýäniň derejeli döwletleriniň hataryna deňleşdi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem oýlanyşykly başlangyçlarynyň netijesinde, bu günki gün Garaşsyzlygyň buýsançly bagtyny ýurdumyzyň her bir raýaty görüp, duýup ýaşaýar we onuň mizemezligini üpjün etmekdäki işlere işjeň goşulyşýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň ýüregi, Merkezi Aziýanyň merjen şäheri, dost-doganlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýän hem pugtalandyrýan merkez hasaplanýar. Aşgabat häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň buýsanjyna beslenip, Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Lowurdap, öwşün atýan gözel paýtagtymyz diňe bir owadanlygy däl, eýsem, ýaşaýyş-durmuş gurşawynyň döwrebap derejede kemala getirilendigi bilen hem hemmeleriň ünsüni özüne çekýä

Milli buýsançlarymyzyň çeperçilik beýany

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde surat bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hem-de muzeýiň bilelikde guramagynda «Türkmen bedewleri we alabaýlary — milli buýsanjymyz» ady bilen geçirilen bäsleşikde talyp ýaşlaryň baýramçylyk mazmunly çeperçilik eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň gadymy hem müdimi gymmatlyklary, milli buýsanjy, wepaly dosty, syrdaşy hasaplanýan bedewlerimize hem alabaýlarymyza bolan hormat-sarpa häzirki bagtyýarlyk döwrümizde has-da artdy. Ony ýurdumyzda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hem-de Halkara«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hereket etmekleri hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Milli buýsançlarymyzyň şeýle belent derejelere göterilmegi jemgyýetde kämil garaýyşlaryň kemala gelmegine, nesilleriň arasynda olara bolan buýsanjyň artmagyna, hormatyň çuňlaşmagyna uly esas berýär. Onuň şeýledigi talyplaryň beýan eden eserlerinde mese-mälim duýuldy. Çeperçilik bilen ýerine ýetirilen işler bagtyýarlyk döwrümize şan berýän ajaýyp pursatlara baý boldy. TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Sapargül Kuliýewa, partiýa guramaçysy Didar Osmanow, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň direktory Amanmyrat Gurbangylyjow, mugallymlary Şirin Allabaýewa, Çemen Annam

Gadymy hünäriň hormaty

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy has dabaraly, täze öwüşginlere beslenip bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli biz Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň Akguýy obasynda ýaşaýan belli itşynas, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy Şaguly Taganlyýew bilen gürrüňdeş bolduk. — Şaguly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen bedewleri bilen birlikde alabaý itleriniň hem abraý-mertebesi belende göterildi. Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir wagtda Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr.