Maksatnamalaýyn ösüşe belent ynam bilen

21 Aprel 2021
992

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşa ornaşdyrylýan toplumlaýyn maksatnamalarda ýaşlar baradaky alada esasy orunda durmak bilen, diňe bir şu güni däl, eýsem uzaklary nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşy, bilimi, saglygy, hukuklarynyň goraglylygy bilen baglanyşykly toplumlaýyn çäreler durmuşa ornaşdyrylyp başlandy. Geçen bäş ýylda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýaşlar bilen bagly köpugurly işleri, çäreleri sazlaşykly alyp barmaga gönükdirilen maksatnamanyň ýörelgelerine, wezipelerine laýyklykda, ýaşlaryň arasynda dürli ugurlara dahylly çäreler geçirildi. Olaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, tebigaty, daşky gurşawy goramak, ylma, bilime içgin aralaşmagyny, döredijilik ukyplaryny artdyrmak, milli medeniýetimize we sungatymyza çuňňur gyzyklanma döretmek, şöhratly geçmişimizi beýan edýän muzeýlere, şeýle hem kitaphanalara ýaşlary işjeň çekmek, sagdyn bedenli, sport bilen meşgullanmagy endik edinen, sagdyn durmuşa eýerýän nesli terbiýelemek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp baryldy. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki ylym-bilim, sport bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda ýokary netijeleri gazanmagynda bu çäreleriň ähmiýeti örän uly boldy.

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň ahyrynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açylmagyny üpjün etmek, hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak, milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleri dowam etmek barada täze wezipeleri kesgitledi. Türkmen ýaşlary üçin sportda, sagdyn durmuşa eýermekde, aýdym-saz sungatynda nusgalyk görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň öňde goýan asylly wezipelerini amala aşyrmak, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek baradaky işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy maksady bolup durýar.

Serdar ŞYHYÝEW,
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.