Milli buýsançlarymyzyň çeperçilik beýany

21 Aprel 2021
970

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde surat bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hem-de muzeýiň bilelikde guramagynda «Türkmen bedewleri we alabaýlary — milli buýsanjymyz» ady bilen geçirilen bäsleşikde talyp ýaşlaryň baýramçylyk mazmunly çeperçilik eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň gadymy hem müdimi gymmatlyklary, milli buýsanjy, wepaly dosty, syrdaşy hasaplanýan bedewlerimize hem alabaýlarymyza bolan hormat-sarpa häzirki bagtyýarlyk döwrümizde has-da artdy. Ony ýurdumyzda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hem-de Halkara«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hereket etmekleri hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Milli buýsançlarymyzyň şeýle belent derejelere göterilmegi jemgyýetde kämil garaýyşlaryň kemala gelmegine, nesilleriň arasynda olara bolan buýsanjyň artmagyna, hormatyň çuňlaşmagyna uly esas berýär. Onuň şeýledigi talyplaryň beýan eden eserlerinde mese-mälim duýuldy. Çeperçilik bilen ýerine ýetirilen işler bagtyýarlyk döwrümize şan berýän ajaýyp pursatlara baý boldy.

TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Sapargül Kuliýewa, partiýa guramaçysy Didar Osmanow, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň direktory Amanmyrat Gurbangylyjow, mugallymlary Şirin Allabaýewa, Çemen Annamyradowa, Laçyn Hudaýarowa dagy talyplaryň baýramçylyk mynasybetli uly ussatlyk bilen ýerine ýetiren işlerine mynasyp baha berdiler. Bäsleşigiň dowamynda has mazmunly işleri bilen tapawutlanan talyplar ýeňişli orunlary gazandylar we TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň baýramçylyk sowgatlary bilen sylaglandylar.

Ýörite habarçylarymyz.