Bulutlardaky ýol

21 Aprel 2021
974

Argentinanyň egrem-bugram, çylşyrymly demir ýoly şeýle atlandyrylýar. Onuň gurluşygyna 30 ýyla golaý wagt sarp edildi. Bu desganyň geňligi onuň iň ýokarky böleginiň deňiz derejesinden 4200 metr belentlikde ýerleşýänligidir. Demir ýol 21 sany ötelgäniň, 29 sany köpriniň, hatda  derýanyň emele getiren çuň hanasynyň üstünden hem geçýär. Mundan başga-da, öwrümleriň, ýapgytlaryň, kötelleriň ençemesi bar. Demir ýoluň uzynlygy 217 kilometrdir. Ol, ilki bilen, ýoluň ugrunda ýerleşýän ilatly nokatlar üçin niýetlenen bolsa-da, soňlugy bilen syýahatçylary hem özüne çekip başlaýar. Otluda barýarkaň, bulutlary böwsüp geçýärsiň. Şeýle duýgular bilen dünýä jahankeşdeleri demir ýol arkaly tebigat gözelliklerini synlap bilýärler.

Häzirki wagtda bu demir ýolda 10 wagonly 640 ýolagçy orunlyk otly sagatda 35 kilometr tizlik bilen gatnawyny dowam etdirýär.