Ýürekden çykan buýsançly sözler

21 Aprel 2021
934

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň giňden toýlanylmagy bilen hakydalarda hemişelik galjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan beýleki wakalara hem diýseň baýdyr. 14-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi we iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisi, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy hem şolaryň hataryny artdyrdy. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky bu taryhy waka gatnaşan ildeşlerimiz öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.


       Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda ýaşamak, işlemek, eziz Diýarymyzda bolup geçýän taryhy wakalara şaýat bolmak bagtynyň miýesser edýänligi üçin kalbymyz elmydama begençden, buýsançdan doly. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýakynda geçirilen taryhy çärelere — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň, ýagny Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisine hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisine gatnaşmaklygymam şol begenjimi, buýsanjymy has-da artdyran wakalar boldy.

Dursun Begçerowa,
Gumdag şäheriniň ýaşaýjysy.