Milli demokratiýanyň kämil nusgasy

21 Aprel 2021
727

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda guramaçylyk meselelerine seredildi, şeýle hem Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki mejlisinde öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyndan kemal tapan bu ajaýyp özgertme täze döwrüň hil taýdan täze ösüşini üpjün eder. Şeýle hem halkymyzyň baý taryhy mirasyna, döwlet gurmak tejribesine, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegine hem-de ösdürilmegine uly mümkinçilikleri berer, kanunlaryň we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi netijeli amala aşyrmaga şert döreder. Döwrebap özgertmeleriň bu täze tapgyry ildeşlerimiziň ýüreklerinde uly buýsanç duýgularyny döretdi.

Täzegül NEPESOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty:
— Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan aýratyn möhüm syýasy we taryhy waka — Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň başynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 8 agzasy hereket edýän kanunçylygymyza laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýändigi nukdaýnazaryndan, döwlet Baştutanymyz bu baradaky Permana gol çekdi.