Demokratik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen

21 Aprel 2021
805

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly taryhy wakalary bilen ajaýyp döwrümize buýsanjymyzy artdyrýar. Bu ýylyň her bir güni hoş habarlardan, täzeliklerden hem-de ösüşlerden doly. Hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasy hem öňdengörüjiligi bilen kabul edilen maksatnamalar, badalga berlen özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini gurmak babatdaky tutumly işleriň amala aşyrylmagyna oňyn şertleri döredýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi taryhy ýylyň ähmiýetini, many-mazmunyny artdyrdy diýip, uly buýsanç bilen aýdasymyz gelýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen konstitusion özgertmeler durmuşa geçirilip başlandy. Bu özgertmelerde demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmak, ösdürmek we jemgyýetimize ornaşdyrmak, raýat jemgyýetini gurmak, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler öz beýanyny tapýar. Geçen ýylyň  25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu kanuna laýyklykda, iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi, palatalaryň esasy hukuklary, borçlary we ygtyýarlyklary kesgitlenildi. «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda», «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şu ýylyň 28-nji martynda bolsa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, guramaçylyk hem demokratik ýagdaýda geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan mynasyp görlen dalaşgärler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandylar. Hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy halkymyzda hoşallyk duýgularyny döretdi.

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».