Milli kanunçylyk kämilleşýär

21 Aprel 2021
931

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde beýik maksatly tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da berkitmek, halkymyzyň kanuny goraglylygyny pugtalandyrmak işlerine uly üns berilýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde kabul edilýän ähli kanunlar halkara ynsanperwerlik ýörelgelerini, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizligini üpjün edýär.

Häzirki wagtda il-ýurt bähbitli täze kanunlaryň kabul edilmegi, döwletimizde milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda amala aşyrylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky döwlet syýasaty halkymyzyň durmuş şertleriniň belent derejelere göterilmegine, adalatly, sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagyna gönükdirilendir. Kämil hem döwrebap kanunlar milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp taglymatynyň dabaralanýandygyny subut edýär.

Kemal GURBANMYRADOW,
Etrek etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.