Bäsleşik jemlendi

21 Aprel 2021
735

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary çeper döredijilige höweslendirmek maksady bilen giň möçberli işler alnyp barylýar. Asylly däbe öwrülen şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlary türkmen sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar.

17-nji aprelde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda ýaş žurnalistleriň arasynda makala ýazmak boýunça «Waspyň dillerde dessan — Arkadagly Türkmenistan!», şeýle-de «Şygryýetiň bilbili» ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde geçirilen bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň çar künjeginden kalby ylhamly ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy.

Merdan MYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.