Dabaraly maslahat

21 Aprel 2021
850

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ilkinji mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli, golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. «Kanuny döwlet — berkararlygyň kepili» atly şygar astynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagynyň halk bilen milli Liderimiziň baky jebisliginiň ýene bir ýola mizemez beýanyna öwrülendigini nygtady we Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläkki beýik işlerine rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdi. A.Durdyýewa şeýle hem çykyşynyň dowamynda milli parlamentiň hil taýdan täze nusgasynyň kemala gelmeginiň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de berkitmek, baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny işjeň durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmak, ynsanperwer syýasaty amala aşyrmak ýaly belent maksatlardan gözbaş alýandygyny belläp geçdi.

Ýörite habarçymyz.