SURATKEŞ HEM SURATLAR HAKDA SÖHBET

21 Aprel 2021
1021

Şahsy arhiwimdäki suratlaryň arasynda mundan on bäş ýyl ozalky bir  wakany ýatladyp duran bäş-alty sany fotosurat bar. Olary Dörtguly Myratgulyýew surata düşüripdir. Waka bolsa Balkanabat şäherinde ýaşaýan suratkeş Amangeldi Hydyrowyň 2006-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda guralan sergisi bilen baglanyşykly.

Şol serginiň çäklerinde onuň ogly Döwran Hydyrowyň eserleri-de görkezilipdi. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň kimlerdigi anyk ýadymda galmasa-da, gowudan-gowy sözleriň aýdylandygy, suratkeşiň hoşgylawlygynyň magtalandygy hakydamda. Adamlaryň sanynyň sergi tamamlanýança egsilmändigi welin, häli--häzir hem göz öňümden gidenok.

Seýitmämmet HYDYROW,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.