Eti-de derman ýagy-da

21 Aprel 2021
829

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ulus üçin edýän ýadawsyz aladasy netijesinde ähli söwda nokatlarynda malyň et-ýaglarynyň, ösümliklerden alynýan ýaglaryň onlarça görnüşi bar. Ol azyk önümlerinden ilatyň göwün isleglerine görä haýyrlanmaga doly mümkinçiligi, maddy hal-ýagdaýy bar.

Hawa, şeýle dokçulykda, elpe-şelpelikde ýaşap ýörseler-de, telim aýlap bakan baggoýnuny gapysynda şatlyk bilen soýup, onuň semiz läşini böwre çekmek çarwalaryň ýetip bilmeýän telwasydyr. Baggoýunlary ýerinden göterip galdyrar ýaly derejede semretmek adam saýlaýan pişedir. Olary semretmegiň tilsimleriniň özeni ýatagyny, kümesini arassa, ýyly, sergin saklamak bilen birlikde, otuny, iýmini, suwuny irmän-ýadaman, unutman, wagtly-wagtynda berip durmakdan ybaratdyr. Her bir işde bolşy kimin, obamyzda-da baggoýun bakmagyň adygan ussatlary bolardy. Gylyçmämmet aga, Malak aga, Nazar aga, Hajynur aga, Pişek aga zeýilli gojalaryň bakan goýunlaryna göreniň gözi giderdi.

Hojagylyç NAZAROW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.