Gözelligiň dürdänesi

21 Aprel 2021
991

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyzyň günorta — günbatar künjegi, gojaman Köpetdagyň ajaýyp baýyrlyklary tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ilatynyň dynç almagy üçin ýakymly howasy we oňyn şertleri bolan bu künjekde ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän gür tokaý zolaklary kemala getirildi. Şu günler paýtagtymyzyň bu künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlary mynasybetli ulanmaga berilýän möhüm ähmiýetli desgalar ak şäherimiziň beýik ösüşlerini, binagärlik özboluşlylygyny aýdyň dabaralandyrýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda uly dabara bilen ulanmaga berlen «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň täze döwrebap binalary eziz paýtagtymyzyň diňe bir binagärlik keşbini baýlaşdyrman, ýurdumyzyň, ak şäherimiziň mundan beýläkki ösüşlerinde hem möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn guwandyryjydyr. Şanly baýramçylyklara uludan taýýarlyk görýän ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşlerine, owadan ter güllere jäheklenip oturan şaýollaryna, gür baglaryna, yşyklandyryjylaryň owadan şuglasyna bürenen ajaýyp seýilgählerine, gözel ýerlerine syn edeniňde kalbyňda hormatly Prezidentimiziň bitirýän beýik işlerine bolan buýsanç duýgularyň goşalanýar.

Goý, mähriban halkymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Meýlis DERMANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.