Waspyň dillerde dessan

21 Aprel 2021
880

Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşleriniň dünýäniň ösen binagärligi, öňegidişlikleri bilen deň derejede gadam urýanlygy aýratyn guwandyryjydyr. Berkarar Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan, türkmen paýtagtynda gysga döwürde gurlan ýüzlerçe desgalar çuň many-mazmuny, kämil şertleri, gözelligi, täsinligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzyň ençeme täsin desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy hem milli binagärligimiziň belent ösüşlerinden, öňegidişliklerinden habar berýär. Täsin desgalaryň hatarynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň hem atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak has-da ýakymlydyr. Ahalteke bedewleri mähriban halkymyzyň dünýä gymmatlygyna goşan, sungat derejesine ýetiren täsin milli baýlygydyr. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen häzirki wagtda mähriban halkymyz milli medeniýeti, döreden özboluşly gymmatlyklary bilen dünýäde giňden tanalýar. Ata-babalarymyzyň köpýyllyk zähmeti, ýiti zehini, ýokary başarnygy bilen dörän behişdi bedewler, türkmen alabaýlary bu gün mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bina edilen desgalaryň hatarynda türkmen alabaýynyň heýkeliniň ebedileşdirilmegini hem mähriban halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi.

Goý, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň ösen şäherine öwürýän, türkmen gudraty bilen dörän milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Serdar MYRATDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.