Parahatlyk — ýürek baýdagy

21 Aprel 2021
725

Şeýle buýsançly şygar astynda golaýda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Kitaphananyň mejlisler zalynda geçirilen maslahat üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk ýubileý senelerini giňden dabaralandyrmaga bagyşlandy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen, türkmeniň ady bütin dünýä doldy. Döwlet dolandyryşynyň hil taýdan täze ugruny saýlap alan Türkmenistan gysga wagtyň içinde syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda dünýäniň derejeli döwletleriniň hataryna deňleşdi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem oýlanyşykly başlangyçlarynyň netijesinde, bu günki gün Garaşsyzlygyň buýsançly bagtyny ýurdumyzyň her bir raýaty görüp, duýup ýaşaýar we onuň mizemezligini üpjün etmekdäki işlere işjeň goşulyşýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň ýüregi, Merkezi Aziýanyň merjen şäheri, dost-doganlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýän hem pugtalandyrýan merkez hasaplanýar. Aşgabat häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň buýsanjyna beslenip, Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Lowurdap, öwşün atýan gözel paýtagtymyz diňe bir owadanlygy däl, eýsem, ýaşaýyş-durmuş gurşawynyň döwrebap derejede kemala getirilendigi bilen hem hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Ýubileý toýlaryň goşalanyp gelmegi bolsa üstümizdäki ýylyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Ol halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň töweregine öňküden-de berk jebisleşip, täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen gitmegine itergi bolýar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.