Şahyryň sarpasy

22 Aprel 2021
827

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasynyň Syýasy jemgyýetçilik edebiýaty bölüminiň guramagynda şahyr Şaly Kekilowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanyp «Frontçy şahyr» ady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa kitaphananyň ýaş okyjylary gatnaşdy.

Kitaphananyň giň okalga zalynda geçirilen duşuşykda şahyryň ömür-döredijiligi barada täsirli söhbet açyldy. Kitaphana işgärleriniň täzeçilligiň, ruhubelentligiň, watanperwerligiň, ynsan mertebesiniň waspçysy, ölmez-ýitmez eserleri bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran Şaly Kekilowyň edebi mirasynyň gadyr-gymmaty hakynda aýdanlary gyzyklanma bilen diňlendi. Çykyş edenleriň Watanyň azatlygy ugrunda duşmanyň garşysyna atgyr ýaragy we ötgür sözi bilen göreşen tanymal şahyryň ýiti galamyndan çykan şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy barada aýdanlary uly täsirleri galdyrdy.

Gunça HÖMMIÝEWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.