"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Saldamly goşant

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça gülläp ösýär, ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy barha gowulanýar. Şeýle guwançly ýol-ýörelgäniň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlanýandygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Türkmen halkynyň döredijilikli zähmeti bilen ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn artyp, ösüşli ýol bilen öňe barýar. Şeýle ösüş-özgerişli ýolumyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem badynyň artýandygyny bellemelidiris. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiz oba-şäherlerimiziň abadanlaşdyrylmagy bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Müdirligimiziň işgärleri şol wezipelerden ugur alyp, welaýat merkezimiziň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen uly işlere özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan zähmet adamsy hakyndaky alada uly üns berlip, işgärlerimiziň tutanýerli zähmet çekmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda degerli işler geçirilýär.

Bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler öz beýanyny tapýar. Golaýda şäherimiziň “Berkarar” sport toplumynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri” ady bilen şäherimiziň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde 1-nji orny şäherimiziň 10-njy orta mekdebiniň 10-njy “A” synp okuwçysy Guwanç Öwezmyradow, 2-nji orny 5-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hoşgeldi Şabasanow, 3-nji orny 13-nji mekdep--internatyň 11-nji synp okuwçysy Azym Söýünow eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan hem-de işjeň gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Howpsuz iş şertleriniň girewi

Bagtyýarlyk zamanamyzyň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda hem zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi derwaýys wezipe bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň degişli kararynyň çäklerinde degerli işler durmuşa geçirilýär. Şu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdini gazanmakda jemgyýetçilik gözegçilik işlerini amala aşyrmak derwaýys meseledir. Onuň çäginde her bir iş ornunda zähmeti goramagyň bellenilen talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi bilen bagly çäreler görüldi. Şeýle hem zähmeti goramak boýunça gözükdirmeleriň ýola goýulmagyny seljermek hem-de ýüze çykarylan kemçilikleri öz wagtynda aradan aýyrmak bilen bagly işlerem wajyplygyna galýar. Şonuň üçinem kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen degerli çäreler ýola goýlup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi üpjün edildi. Howpsuz zähmeti ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen şu we beýleki çärelerimiz möhüm ädim bolup hyzmat etdi. Şonuň üçinem biz bu babatda geljekde-de zerur çäreleri meýilleşdirýäris.

Milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy

Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, halkara giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna, türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslarynyň berkidilmegine gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyjy bilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe süren başlangyçlary milli demokratiýanyň dabaralanmasynyň hem-de Türkmenistanyň geljekki ösüşleriniň esasy ugurlarynyň kesgitlenýändigi bilen taryhy waka öwrüldi.

Döwrebap ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek barada deputatlaryň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy we kabul edildi. Bu Kodeks ykdysady we administratiw hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça arbitraž kazyýet önümçiliginiň tertibini, arbitraž kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegiň iş ýörediş ýörelgelerini we düzgünlerini belleýär.  Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeleriň many-mazmuny halkara tejribesine laýyklykda beýan edildi. Kodeks 23 bapdan, 210 maddadan ybarat bolup, oňa täze 1 bap we 42 madda goşuldy. Şunda ýuridik we fiziki şahslaryň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýet çygrynda kanunçylygyň berjaý edilmeginiň pugtalandyrylmagyna, garaşsyz we tarapgöýsüz kazyýetiň laýyk möhletde adalatly, açyk kazyýet seljerişini üpjün etmek, telekeçilik we beýleki ykdysady işiň çygryndaky hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hem-de kanunylygy berkitmek ýaly wezipeler anyk beýan edildi.

Wagyz-nesihat işleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, möwsümleýin keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini düşündirmek maksady bilen, TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň hem-de ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalaryndan düzülen wagyz-nesihat toparlary etrabyň maşgala lukmanlary bilen bilelikde raýatlaryň arasynda bolup, möwsümleýin kesellerden goranmakda berjaý edilmeli arassaçylyk düzgünlerini düşündirmek boýunça netijeli işleri geçirýärler. Wagyz-nesihat işleriniň dowamynda ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bolan ýaş meýletinçiler we maşgala lukmanlary sagdyn durmuş ýörelgelerine salgylanyp, raýatlara saglygy goramaga degişli birnäçe maslahatlary berýärler. Şeýle-de, häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy sebäpli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň we saglyga peýdaly gök-önümleri iýmegiň wajypdygy barada aýratyn bellenilýär.

Asylly ýörelgeler ündeldi

Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren watansöýüjilik, halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen Tejen etrabyndaky başlangyç hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygy etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, Tejen şäher we etrap polisiýa bölümi hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşi bilelikde gurady. Duşuşykda ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalar, olaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler barada gürrüň edildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentara tagallalary birleşdirýär

AŞGABAT, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisinde parlamentleriň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Bu çäre türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guraldy hem-de şanly senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we baky Bitaraplygyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyldy. Duşuşygyň dowamynda parlamentarizmiň gurallaryny häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ulanmak bilen bagly netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň ençeme ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Uly geljegiň eýeleri

Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän şu günlerde ähli ugurlarda — senagatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, sportda, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Geljegimiz bolan ýaş nesle döwrebap terbiýe, ylym-bilim bermek, olaryň sagdyn hem ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi ugrunda alada etmek bolsa Gahryman Arkadagymyzyň elmydama üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okanyňda, paýhasly pederlerimizden miras galan türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň asylly nusgalarynyň jemlenendigine göz ýetirmek bolýar. Bu gymmatly kitap ýaş nesillere terbiýe bermekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup durýar. Pähim-paýhasyň egsilmez çeşmesi bolan eserde halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý ruhy tejribesi, myhmansöýerlik, dost-doganlyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri çeper hem pelsepewi nukdaýnazardan beýan edilýär.

Täze ösüşlere badalga

Jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, milli kanunçylygy berkitmek ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda kanunçylyk ulgamy öňdebaryjy halkara tejribesi esasynda kämilleşdirilýär. Milli Parlamentiň iki palataly ulgamynyň döredilmegi, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň gurluşynda täze kanun çykaryjy edara — Milli Geňeşiň Halk Maslahaty döredildi. Şu ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dünýä ýaň salan taryhy wakalarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki mejlisde eden çuňňur manyly çykyşynda Halk Maslahatynyň alyp barmaly işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi we olaryň üstünde birin-birin durup geçdi.

Durmuş düwünçeginden

Okuw — bilim bagynyň suwaryş çeşmesi, ylym — miwesi. Okuw hemişe «damjalap» durmasa, bilim bagy gögermeýär, gögerse-de, miwe bermeýär. Güýçden galsaň-da, okamakdan galma! *  *  *

Edep bilen ezizlän

Ynsany bezeýän ajaýyp zatlaryň ilkinjisi onuň edebidir. Ata-babalarymyzdan gelýän «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen pähimde halkymyzyň edep-terbiýä uly hormat goýýandygyny görmek bolýar. Çagalaryň terbiýesine mukaddeslik hökmünde garalýar. Ene-mamalarymyz «Gyz edebi — eşrepi» diýip, gyz terbiýesini ýöne ýere gyzylyň gyryndysyna deňemändirler. Edep-terbiýäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem, asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri bilen hem gyzlara görelde bolýarlar. Enelerimiz çaga dünýä inen gününden başlap, onuň terbiýesini iň ilkinji orunda goýýar. Çagasynyň bagtyny diläp, ony gözden-dilden gorap saklaýar, penalap gezýär. Geçmiş taryhymyzda Türkan hatyn durmuşa çykjak gyzyny ýanyna çagyryp, oňa şeýle pent edipdir: «Menden on häsiýeti nusga al, saňa hem hazyna, hem abraý bolar. Ýanýoldaşyňa sabyr we kanagat bilen höwür bol, sözlerini ýagşy diňle we islegini ýerine ýetir. Gözüňe we burnuňa esewan et, hapa-hapysa zada gözi düşmesin we üstüňden diňe hoşboý ys gelsin. Ajygan wagty naharyny gijikdirme. Çünki açlyk howry ýakyjydyr. Sen onuň göwnünden tursaň, ol hem şol derejede seni ýanyndan goýmaz. Onuň göwnüni öz göwnüňden beýik tutmasaň, ýanýoldaşyň söýgüsini gazanyp bilmersiň. Onuň halan zadyny söý, halamadyk zadyny ýigren. Şonda size her zadyň haýyrlysy miýesser bolar». Şu mysaldan hem görnüşi ýaly, gyz çaganyň terbiýesinde enelerimi

Jemgyýetçilik guramalarynda

Özgertmeler ýoly bilen Türkmenistanyň Agrar we Demokratik partiýalarynyň welaýat komitetleriniň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň birinji bilelikdäki mejlisinde kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, partiýalaryň etrap-şäher komitetleriniň işjeň agzalary we Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maksat: durmuş goraglylygyny gazanmak

Özüniň Garaşsyzlyk syýasatyny alyp barýan we Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýerýän Türkmenistan halkara guramalary bilen guralýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Olar bilen bilelikdäki maksatnamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň hökümetiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Durmuş ösüşleriniň bilelikdäki gaznasynyň «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamasy hem şolaryň biridir. Ýakynda welaýat merkezinde bu maksatnamanyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda çuňlaşdyrylan okuw geçirildi. Oňa welaýatymyzyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada maksatnamanyň Türkmenabat şäherindäki durmuş işi boýunça hünärmeni Şirin Öwezowa şeýle gürrüň berdi: — Şeýle abraýly halkara guramasy bilen bilelikde kabul edilen maksatnama, onda görkezilenleri durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan anyk işler biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda görkezilen adam hukuklarynyň üpjün edilmegi ugrunda alada edilýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem biziň ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ünsden düşürilmeýändiginiň anyk mysalydyr.

Binalaňda halkyň bagtly, Arkadag!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň görkezijisi, özgerişleriň kerwenbaşysy bolan ak mermerli Aşgabat bu gün Merkezi Aziýanyň merjen şäherine, Ýer ýüzüniň ylalaşdyryjy parahatlyk dörediji merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ýanwar aýynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäginde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden baýram ediljekdigini belläp geçdi. 140 ýyl — bir ýarym asyra golaý wagt. Şunda 30 ýyl bir ýurduň, paýtagt şäheriň döwrüň talabyna görä kämilleşmegi üçin gysga möhlet. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, merjen şäherimiziň häzirki ösen keşbini synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşi üçin neneňsi möhüm badalga bolup hyzmat edendigine göz ýetirmek bolýar. Merjen şäherimizde durmuşa geçirilýän hil taýdan täze derejä çykan şähergurluşyk işlerinde ýurdumyzyň ösüşleriniň netijelerini aýdyňlyk bilen görmek bolýar. Şol ösüşler bolsa halkymyzyň abadançylygyna, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz: «Gurmak we döretmek — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş şygary» diýip belleýär. Munuň aýdyň hakykatdygyny bolsa mermer

Baky bahar ak şäher

Ak mermere bürenen owadan paýtagtymyz Aşgabat şäheri ösüşleriň belent sepgitlerini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ak şäherimiz geçen sanlyjy ýylyň içinde düýpli özgerip, dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda giňden tanaldy. Merjen şäherimizde häzirki wagtda möhüm ähmiýetli, dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläkde ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan beýik işler çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny bitirilen beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler bilen garşylaýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň haýsy künjegine göz aýlanyňda hem, gije-gündiz päk zähmetiň gaýnap joşýandygyny görmek bolýar. Şol asylly işleriň hatarynda bolsa Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ak şäherimizi gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslemek, paýtagtyň keşbinde baýramçylyk öwüşginini döretmek ýaly aýdyň maksatlar has-da dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa abadançylygy, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslemek işleri döwle

Watan başymyzyň täjidir

Ynsany bagtly edýän, ösüşlere, täze belentliklere tarap ymtylmaga itergi berýän güýç Watanyň jenneti goýnunda jemlenendir. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda Garaşsyz, berkarar döwlet isläp gelipdirler. Pederlerimiz bu arzuwlaryna ýetmek üçin birnäçe asyrlaryň dowamynda umytly ýaşapdyrlar. Bu günki gün külli türkmen halkyny bir başa jemläp, baky bagtyýar döwleti binýat edip, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň günsaýyn özgerýändigi, ösýändigi bütin dünýä äşgärdir. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen köňül buýsandyryjy, täze gadamlara ruhlandyryjy şygary ähli türkmenistanlylaryň durmuş ýolunyň şamçyragyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi watansöýüjiligiň, merdi-merdanalygyň, ynsanperwerligiň, Ýer ýüzünde dostlukly gatnaşyklaryň we parahatçylyk söýüjiligi ebedileşdirmegiň milli hem mizemez nusgasyna öwrüldi.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Sanlar we maglumatlar

■ Olimpiýa şaherçesinde bina edilen döwrebap sport desgalarynyň biri Ýapyk suw toplumydyr. Bu bina 2 ýerzeminden we dört ýerüsti gatdan ybarat bolup, bu ýerde sportuň suwda oýnalýan we ýerine ýetirilýän görnüşleri boýunça halkara we dünýä birinjiligi ugrunda bäsleşikleri guramaga we ýokary derejede geçirmäge ähli şertler göz öňüne tutulypdyr. ■ Munuň üçin döwrebap suw sport toplumynda 50 x 25, 51,25 x 20,5, 25 x 20, 16 x 25 m ölçeglerdäki dört sany howuz bar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde bu desgada sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Guralýan suw sport ýaryşlaryna tomaşa etmek üçin bu ýerde 5049 orunlyk ýer bolup, şolardan 15 orun ýörite hormatly myhmanlar VIP üçin, 69 orun media wekilleri üçin, 66 orun hereketi çäkli raýatlar we olaryň ýanyndaky kömekçiler üçin, 4899 orun bolsa tomaşaçylar üçin niýetlenilipdir.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Golaýda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda, «Halk Maslahaty — jemgyýeti ösdürmegiň demokratik ýoly» diýen at bilen maslahat geçirildi. Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda bolan bu maslahat Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisine bagyşlandy. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçendigini, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň demokratik özgertmeleriň ýoly bilen belent ösüşlere tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýandygyny, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet ähmiýetli işleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellediler.