Edep bilen ezizlän

28 Aprel 2021
960

Ynsany bezeýän ajaýyp zatlaryň ilkinjisi onuň edebidir. Ata-babalarymyzdan gelýän «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen pähimde halkymyzyň edep-terbiýä uly hormat goýýandygyny görmek bolýar.

Çagalaryň terbiýesine mukaddeslik hökmünde garalýar. Ene-mamalarymyz «Gyz edebi — eşrepi» diýip, gyz terbiýesini ýöne ýere gyzylyň gyryndysyna deňemändirler. Edep-terbiýäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem, asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri bilen hem gyzlara görelde bolýarlar. Enelerimiz çaga dünýä inen gününden başlap, onuň terbiýesini iň ilkinji orunda goýýar. Çagasynyň bagtyny diläp, ony gözden-dilden gorap saklaýar, penalap gezýär. Geçmiş taryhymyzda Türkan hatyn durmuşa çykjak gyzyny ýanyna çagyryp, oňa şeýle pent edipdir: «Menden on häsiýeti nusga al, saňa hem hazyna, hem abraý bolar. Ýanýoldaşyňa sabyr we kanagat bilen höwür bol, sözlerini ýagşy diňle we islegini ýerine ýetir. Gözüňe we burnuňa esewan et, hapa-hapysa zada gözi düşmesin we üstüňden diňe hoşboý ys gelsin. Ajygan wagty naharyny gijikdirme. Çünki açlyk howry ýakyjydyr. Sen onuň göwnünden tursaň, ol hem şol derejede seni ýanyndan goýmaz. Onuň göwnüni öz göwnüňden beýik tutmasaň, ýanýoldaşyň söýgüsini gazanyp bilmersiň. Onuň halan zadyny söý, halamadyk zadyny ýigren. Şonda size her zadyň haýyrlysy miýesser bolar». Şu mysaldan hem görnüşi ýaly, gyz çaganyň terbiýesinde enelerimiz has-da talapkär bolupdyrlar.

Enegyz GURBANGELDIÝEWA,
Tejen şäherindäki 5-nji orta mekdebiň mugallymy.