Maksat: durmuş goraglylygyny gazanmak

28 Aprel 2021
725

Özüniň Garaşsyzlyk syýasatyny alyp barýan we Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýerýän Türkmenistan halkara guramalary bilen guralýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Olar bilen bilelikdäki maksatnamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň hökümetiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Durmuş ösüşleriniň bilelikdäki gaznasynyň «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamasy hem şolaryň biridir. Ýakynda welaýat merkezinde bu maksatnamanyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda çuňlaşdyrylan okuw geçirildi. Oňa welaýatymyzyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada maksatnamanyň Türkmenabat şäherindäki durmuş işi boýunça hünärmeni Şirin Öwezowa şeýle gürrüň berdi:

— Şeýle abraýly halkara guramasy bilen bilelikde kabul edilen maksatnama, onda görkezilenleri durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan anyk işler biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda görkezilen adam hukuklarynyň üpjün edilmegi ugrunda alada edilýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem biziň ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ünsden düşürilmeýändiginiň anyk mysalydyr.