Uly geljegiň eýeleri

29 Aprel 2021
928

Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän şu günlerde ähli ugurlarda — senagatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, sportda, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Geljegimiz bolan ýaş nesle döwrebap terbiýe, ylym-bilim bermek, olaryň sagdyn hem ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi ugrunda alada etmek bolsa Gahryman Arkadagymyzyň elmydama üns merkezinde saklanýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okanyňda, paýhasly pederlerimizden miras galan türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň asylly nusgalarynyň jemlenendigine göz ýetirmek bolýar. Bu gymmatly kitap ýaş nesillere terbiýe bermekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup durýar. Pähim-paýhasyň egsilmez çeşmesi bolan eserde halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý ruhy tejribesi, myhmansöýerlik, dost-doganlyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri çeper hem pelsepewi nukdaýnazardan beýan edilýär.

Babyş KURBANGELDIÝEW,
Kaka etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.