Watan başymyzyň täjidir

28 Aprel 2021
845

Ynsany bagtly edýän, ösüşlere, täze belentliklere tarap ymtylmaga itergi berýän güýç Watanyň jenneti goýnunda jemlenendir. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda Garaşsyz, berkarar döwlet isläp gelipdirler. Pederlerimiz bu arzuwlaryna ýetmek üçin birnäçe asyrlaryň dowamynda umytly ýaşapdyrlar.

Bu günki gün külli türkmen halkyny bir başa jemläp, baky bagtyýar döwleti binýat edip, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň günsaýyn özgerýändigi, ösýändigi bütin dünýä äşgärdir. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen köňül buýsandyryjy, täze gadamlara ruhlandyryjy şygary ähli türkmenistanlylaryň durmuş ýolunyň şamçyragyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi watansöýüjiligiň, merdi-merdanalygyň, ynsanperwerligiň, Ýer ýüzünde dostlukly gatnaşyklaryň we parahatçylyk söýüjiligi ebedileşdirmegiň milli hem mizemez nusgasyna öwrüldi.

Saparmyrat GURBANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.