Howpsuz iş şertleriniň girewi

30 Aprel 2021
787

Bagtyýarlyk zamanamyzyň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda hem zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi derwaýys wezipe bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň degişli kararynyň çäklerinde degerli işler durmuşa geçirilýär.

Şu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdini gazanmakda jemgyýetçilik gözegçilik işlerini amala aşyrmak derwaýys meseledir. Onuň çäginde her bir iş ornunda zähmeti goramagyň bellenilen talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi bilen bagly çäreler görüldi. Şeýle hem zähmeti goramak boýunça gözükdirmeleriň ýola goýulmagyny seljermek hem-de ýüze çykarylan kemçilikleri öz wagtynda aradan aýyrmak bilen bagly işlerem wajyplygyna galýar. Şonuň üçinem kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen degerli çäreler ýola goýlup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi üpjün edildi. Howpsuz zähmeti ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen şu we beýleki çärelerimiz möhüm ädim bolup hyzmat etdi. Şonuň üçinem biz bu babatda geljekde-de zerur çäreleri meýilleşdirýäris.