Baky bahar ak şäher

28 Aprel 2021
955

Ak mermere bürenen owadan paýtagtymyz Aşgabat şäheri ösüşleriň belent sepgitlerini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ak şäherimiz geçen sanlyjy ýylyň içinde düýpli özgerip, dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda giňden tanaldy. Merjen şäherimizde häzirki wagtda möhüm ähmiýetli, dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläkde ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan beýik işler çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny bitirilen beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler bilen garşylaýar.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň haýsy künjegine göz aýlanyňda hem, gije-gündiz päk zähmetiň gaýnap joşýandygyny görmek bolýar. Şol asylly işleriň hatarynda bolsa Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ak şäherimizi gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslemek, paýtagtyň keşbinde baýramçylyk öwüşginini döretmek ýaly aýdyň maksatlar has-da dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa abadançylygy, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslemek işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Allaberdi BERDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.