Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentara tagallalary birleşdirýär

29 Aprel 2021
1015

AŞGABAT, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisinde parlamentleriň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Bu çäre türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guraldy hem-de şanly senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we baky Bitaraplygyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyldy.

Duşuşygyň dowamynda parlamentarizmiň gurallaryny häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ulanmak bilen bagly netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň ençeme ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.