Milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy

30 Aprel 2021
966

Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, halkara giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna, türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslarynyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyjy bilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe süren başlangyçlary milli demokratiýanyň dabaralanmasynyň hem-de Türkmenistanyň geljekki ösüşleriniň esasy ugurlarynyň kesgitlenýändigi bilen taryhy waka öwrüldi.

Mekan GURBANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.