Asylly ýörelgeler ündeldi

29 Aprel 2021
602

Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren watansöýüjilik, halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen Tejen etrabyndaky başlangyç hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygy etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, Tejen şäher we etrap polisiýa bölümi hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşi bilelikde gurady.

Duşuşykda ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalar, olaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler barada gürrüň edildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Nurjemal MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.