Sanlar we maglumatlar

28 Aprel 2021
886

■ Olimpiýa şaherçesinde bina edilen döwrebap sport desgalarynyň biri Ýapyk suw toplumydyr. Bu bina 2 ýerzeminden we dört ýerüsti gatdan ybarat bolup, bu ýerde sportuň suwda oýnalýan we ýerine ýetirilýän görnüşleri boýunça halkara we dünýä birinjiligi ugrunda bäsleşikleri guramaga we ýokary derejede geçirmäge ähli şertler göz öňüne tutulypdyr.

■ Munuň üçin döwrebap suw sport toplumynda 50 x 25, 51,25 x 20,5, 25 x 20, 16 x 25 m ölçeglerdäki dört sany howuz bar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde bu desgada sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Guralýan suw sport ýaryşlaryna tomaşa etmek üçin bu ýerde 5049 orunlyk ýer bolup, şolardan 15 orun ýörite hormatly myhmanlar VIP üçin, 69 orun media wekilleri üçin, 66 orun hereketi çäkli raýatlar we olaryň ýanyndaky kömekçiler üçin, 4899 orun bolsa tomaşaçylar üçin niýetlenilipdir.