Wagyz-nesihat işleri

29 Aprel 2021
816

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, möwsümleýin keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini düşündirmek maksady bilen, TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň hem-de ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalaryndan düzülen wagyz-nesihat toparlary etrabyň maşgala lukmanlary bilen bilelikde raýatlaryň arasynda bolup, möwsümleýin kesellerden goranmakda berjaý edilmeli arassaçylyk düzgünlerini düşündirmek boýunça netijeli işleri geçirýärler.

Wagyz-nesihat işleriniň dowamynda ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bolan ýaş meýletinçiler we maşgala lukmanlary sagdyn durmuş ýörelgelerine salgylanyp, raýatlara saglygy goramaga degişli birnäçe maslahatlary berýärler. Şeýle-de, häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy sebäpli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň we saglyga peýdaly gök-önümleri iýmegiň wajypdygy barada aýratyn bellenilýär.

Baýramdurdy AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.