Döwrebap ösüşiň möhüm şerti

30 Aprel 2021
804

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek barada deputatlaryň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy we kabul edildi. Bu Kodeks ykdysady we administratiw hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça arbitraž kazyýet önümçiliginiň tertibini, arbitraž kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegiň iş ýörediş ýörelgelerini we düzgünlerini belleýär.

 Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeleriň many-mazmuny halkara tejribesine laýyklykda beýan edildi. Kodeks 23 bapdan, 210 maddadan ybarat bolup, oňa täze 1 bap we 42 madda goşuldy. Şunda ýuridik we fiziki şahslaryň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýet çygrynda kanunçylygyň berjaý edilmeginiň pugtalandyrylmagyna, garaşsyz we tarapgöýsüz kazyýetiň laýyk möhletde adalatly, açyk kazyýet seljerişini üpjün etmek, telekeçilik we beýleki ykdysady işiň çygryndaky hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hem-de kanunylygy berkitmek ýaly wezipeler anyk beýan edildi.

Aýşat GÖJENOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklarynygoramak baradaky komitetiniň agzasy.