Jemgyýetçilik guramalarynda

28 Aprel 2021
825

Golaýda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda, «Halk Maslahaty — jemgyýeti ösdürmegiň demokratik ýoly» diýen at bilen maslahat geçirildi.

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda bolan bu maslahat Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisine bagyşlandy. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçendigini, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň demokratik özgertmeleriň ýoly bilen belent ösüşlere tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýandygyny, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet ähmiýetli işleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellediler.